Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 2:16 - Mukaddes Kitap

16 Müneçjimleriň aldanyny bilip, Hirod gahar-gazaba mündi. Ol müneçjimlerden sorap anyklan wagtyna görä, Beýtullaham bilen onuň daş-töweregindäki obalarda doglan iki ýaşyndaky we iki ýaşa ýetmedik erkek göbekli çagalaryň ählisini öldürtdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Мүнечҗимлериң алданыны билип, Хирод гахар-газаба мүнди. Ол мүнечҗимлерден сорап аныклан вагтына гөрә, Бейтуллахам билен онуң даш-төверегиндәки обаларда доглан ики яшындакы ве ики яша етмедик эркек гөбекли чагаларың әхлисини өлдүртди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 2:16
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol Ýusubyň jenabyna-da öz hyzmatkärlerine aýdan sözlerini gaýtalady: «Seniň getiren ýewreý guluň meni biabraý etmek üçin otagyma geldi. Gykylyk turzanymy görüp, ol eşigini ýanymda taşlap gaçyp gitdi».


Nälet bolsun olaryň gahar-gazaplaryna, çünki bu zalymlykdyr, nälet bolsun, olaryň sütemkärligine, çünki bu zabunlykdyr, men Şimgonyň we Lewiniň nesillerini Ýakubyň arasyna dagadaryn, men olary Ysraýylyň arasyna pytradaryn.


Hazaýyl ondan: «Jenabym, sen näme üçin aglaýarsyň?» diýip sorady. Elýaşa şeýle jogap berdi: «Men seniň ysraýyl halkynyň başyna ýowuz günleri getirjekdigiňi bilip aglaýaryn. Sen olaryň galalaryna ot berip, söweşde olaryň iň oňat esgerlerini gylyçdan geçirersiň, olaryň çagalarynyň kellelerini ýenjip, göwreli aýallarynyň garynlaryny dilersiň».


Öz dostlaryma gülki boldum! Hudaýy çagyrdym, Ol-da maňa jogap berdi, dogruçyl, päk bolsam-da, men ile gülki!


Ejiz halkyň erbet hökümdary arlaýan arslan, topulýan aýy ýalydyr.


Biriniň ganyna galan adam gabra çenli gaçar, ony hiç kim goldamasyn.


Ine, Reb dünýäniň ähli ilatyna etmişleri üçin jeza bermäge Öz mekanyndan çykyp gelýär; ýer üstüne dökülen gany äşgär eder, öldürilenlerini ýaşyrmaz indi.


Aýaklary pislige ýortýar, bigünä gan dökmäge howlugýar, pikirleri şerdir, harabalyk, weýrançylyk bar ýollarynda.


Şonda Nebukadnesar gahar-gazaba münüp, Şadragy, Meýşagy we Abednegony getirmeklerini buýurdy. Şeýdip, olary patyşanyň huzuryna getirdiler.


Halkyň arasynda uruş gopguny dörär. Şalmanyň söweş gününde Beýtarbeli weýran edip, eneler bala-çagalary bilen parçalanyşy ýaly, ähli galalaryň haraba öwrüler.


Bilgam eşege: «Sebäbi sen meni däliretdiň! Eger elimde gylyç bolsady, seni häziriň özünde öldürerdim!» diýip jogap berdi.


Onsoň Ballagyň kalbynda Bilgama garşy gazap ody tutaşdy. Ol ellerini şarpyldadyp, biri-birine urup, Bilgama şeýle diýdi: «Men seni duşmanlaryma nälet okatmak üçin çagyrypdym, sen bolsaň, eýýäm üç gezek olara ak pata berdiň.


Isa Hirod patyşanyň döwründe Ýahudyýanyň Beýtullaham şäherinde eneden doguldy. Şonda müneçjimler gündogardan Iýerusalime gelip:


Şeýdip, Ýermeýa pygamberiň şu aýdanlary berjaý boldy:


Onsoň Hirod müneçjimleri gizlin çagyryp, olardan ýyldyzyň haçan görnendigi barada jikme-jik sorady.


Ol gökdäki ýyldyzlaryň üçden birini guýrugy bilen syryp, ýer ýüzüne zyňdy. Aždarha doguljak çagany bada-bat ýuwutmak üçin, burgusy tutýan aýalyň öňünde durdy.


Onsoň aýalyň Hudaýyň halkynyň we Isanyň şaýatlarynyň ganyny içip, serhoş bolanyny gördüm. Muny görüp, gaty geň galdym.


Delila Şimşona: «Sen meni samsyk hasap edýärsiň, ýalan sözleýärsiň. Indi beri aýdaý, seni näme bilen daňyp bolar?» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ