Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 2:13 - Mukaddes Kitap

13 Müneçjimler gidenden soň, Rebbiň bir perişdesi Ýusubyň düýşüne girip: «Tur! Çaga bilen ejesini al-da, Müsüre gaç. Özüm habar berýänçäm, şol ýerde gal, sebäbi Hirod çagany öldürmek üçin Onuň gözlegine çykmakçy bolýar» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Мүнечҗимлер гиденден соң, Реббиң бир перишдеси Юсубың дүйшүне гирип: «Тур! Чага билен эҗесини ал-да, Мүсүре гач. Өзүм хабар берйәнчәм, шол ерде гал, себәби Хирод чаганы өлдүрмек үчин Онуң гөзлегине чыкмакчы боляр» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 2:13
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Hadat kakasynyň emeldarlary bolan birnäçe edomlylar bilen gaçyp, Müsüre gidipdi; Hadat ol wagtlar ýaş oglandy.


Gibgonda gije Süleýmanyň düýşüne Reb girdi. Hudaý oňa: «Dile, dilän zadyňy bererin» diýdi.


Düýş, gijeki görnüş arkaly, ynsanlary agyr uky basanda, düşeklerinde ýatyrkalar,


Ol muny ynsanlary pis işlerden, tekepbirlikden saklamak üçin,


Soňra faraon ähli müsürlilere: «Ýewreýlerden doglan her bir ogul bäbegi alyp, Nil derýasyna taşlaň, emma gyz bäbek bolsa, goý, ol ýaşabersin» diýip buýruk berdi.


Ýusup bu hakda oýlanyp ýörkä, Rebbiň bir perişdesi onuň düýşüne girip: «Eý, Dawut ogly Ýusup! Sen Merýeme öýlenmekden gorkma, sebäbi onuň göwresindäki Mukaddes Ruh arkalydyr.


Sizi bir şäherde yzarlasalar, beýlekisine gaçyň. Size dogrusyny aýdýaryn, Ynsan Ogly gelýänçä, siz Ysraýylyň ähli şäherlerine aýlanyp çykyp bilmersiňiz.


Hirodyň ýanyna gaýdyp barmazlyk hakda düýş arkaly duýduryş berlensoň, müneçjimler öz ýurtlaryna başga ýol bilen gaýtdylar.


Şeýlelikde, Ýusup turdy-da, çaga bilen Onuň ejesini alyp, şol gije Müsüre tarap ýola düşdi.


Müneçjimleriň aldanyny bilip, Hirod gahar-gazaba mündi. Ol müneçjimlerden sorap anyklan wagtyna görä, Beýtullaham bilen onuň daş-töweregindäki obalarda doglan iki ýaşyndaky we iki ýaşa ýetmedik erkek göbekli çagalaryň ählisini öldürtdi.


Ýöne Arhelanyň öz atasy Hirodyň ýerine Ýahudyýanyň patyşasy bolanyny eşidip, ol ýere barmaga gorkdy. Düýşüň üsti bilen duýduryş berlensoň, ol Jelile welaýatyna tarap ýola düşdi.


Olar: «Bizi ýüzbaşy Korneliý iberdi. Ol dogry we Rebbe sežde edýän adam, ýahudy halkynyň arasynda hem onuň abraýy uludyr. Hudaýyň bir perişdesi oňa: „Petrusy öýüňe çagyryp, onuň aýtjak sözlerini diňle“ diýip buýruk beripdir» diýdiler.


Özi bilen gepleşen perişde gidenden soň, Korneliý hyzmatkärlerinden ikisini we hemişe ýanynda bolýan bir takwa esgeri çagyrdy.


Şol wagt Petrus özüne gelip: «Indi, hakykatdanam, Rebbiň Öz perişdesini ýollap, meni Hirodyň elinden we ýahudy halkynyň başymdan inderjek bela-beterlerinden halas edendigine anyk göz ýetirdim» diýdi.


Birdenkä Rebbiň perişdesi peýda bolup, zyndanyň içinde nur parlady. Perişde Petrusyň böwrüne dürtüp, ony oýardy-da: «Tiz bol, tur!» diýdi. Şobada Petrusyň zynjyrlary üzülip, elinden ýere gaçdy.


Zyndanyň baş gözegçisi hem bu habary Pawlusa ýetirip: «Häkimler size gidiberiň diýip habar ýollapdyrlar. Indi siz gidip bilersiňiz. Sag-aman baryň» diýdi.


Emma gije Rebbiň bir perişdesi zyndanyň gapylaryny açdy-da, olary daşary çykaryp:


Ol biziň halkymyza garşy hilegärlik etdi, ata-babalarymyzy ezip, täze doglan çagalaryny ölüme duçar etmek üçin daşary taşlamaga mejbur etdi.


Bütin ýer ýüzüniň Taňrysy Rebbiň Äht sandygyny göterýän ruhanylaryň aýaklary Iordan derýasynyň suwuna degen badyna, ýokardan akýan suwlar kesilip, edil diwar ýaly bolup durar».


Rebbiň Äht sandygyny göterýän ruhanylar bolsa tä ysraýyllaryň hemmesi gury ýerden geçip gutarýançalar, derýanyň hanasynyň ortasynda durdular. Şeýdip, tutuş ysraýyl halky gury ýerden geçdi.


Ysraýyllara berjaý etmeli diýip, Rebbiň Ýeşuwa beren hemme buýruklary ýerine ýetýänçä, Rebbiň Äht sandygyny göterýän ruhanylar Iordan derýasynyň ortasynda durdular. Bu Musanyň Ýeşuwa diýşi ýaly boldy. Ysraýyllar derýadan çaltlyk bilen geçdiler.


Rebbiň Äht sandygyny göterýän ruhanylar suwdan çykyp, aýaklary gury ýere degen badyna, Iordanyň suwy ýene-de öz hanasyna öwrülip, öňküsi ýaly dolup-daşyp akyp başlady.


Aýala ýylanyň öňünden çöle, bir wagta, iki wagta, ýarym wagta çenli iýmitlenjek ýerine uçup gaçar ýaly, uly bürgüdiň iki ganaty berildi.


Ol gökdäki ýyldyzlaryň üçden birini guýrugy bilen syryp, ýer ýüzüne zyňdy. Aždarha doguljak çagany bada-bat ýuwutmak üçin, burgusy tutýan aýalyň öňünde durdy.


Aýal bolsa çöle gaçyp gitdi. Ol çölde müň iki ýüz altmyş günläp iýmitlener ýaly, Hudaý şol ýerde oňa bir ýer taýýarlapdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ