Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 2:12 - Mukaddes Kitap

12 Hirodyň ýanyna gaýdyp barmazlyk hakda düýş arkaly duýduryş berlensoň, müneçjimler öz ýurtlaryna başga ýol bilen gaýtdylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Хиродың янына гайдып бармазлык хакда дүйш аркалы дуйдурыш берленсоң, мүнечҗимлер өз юртларына башга ёл билен гайтдылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 2:12
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol gije Hudaý Laban mesopotamiýalynyň düýşünde oňa: «Gulak as! Ýakuba ýagşydan-ýamandan zat diýme» diýdi.


Emma bu göbegeneler Hudaýdan gorkýan aýallar eken, olar Müsür patyşasynyň buýruşy ýaly etmän, gaýtam, erkek doglan çagalary-da diri galdyrypdyrlar.


Soňra bu syr Danyýele gijeki görnüş arkaly aýan boldy. Danyýel Gögüň Hudaýyna alkyş aýtdy.


Ýusup bu hakda oýlanyp ýörkä, Rebbiň bir perişdesi onuň düýşüne girip: «Eý, Dawut ogly Ýusup! Sen Merýeme öýlenmekden gorkma, sebäbi onuň göwresindäki Mukaddes Ruh arkalydyr.


Müneçjimler gidenden soň, Rebbiň bir perişdesi Ýusubyň düýşüne girip: «Tur! Çaga bilen ejesini al-da, Müsüre gaç. Özüm habar berýänçäm, şol ýerde gal, sebäbi Hirod çagany öldürmek üçin Onuň gözlegine çykmakçy bolýar» diýdi.


Hirod ölenden soň, Rebbiň bir perişdesi Müsürde Ýusubyň düýşüne girip:


Ýöne Arhelanyň öz atasy Hirodyň ýerine Ýahudyýanyň patyşasy bolanyny eşidip, ol ýere barmaga gorkdy. Düýşüň üsti bilen duýduryş berlensoň, ol Jelile welaýatyna tarap ýola düşdi.


Pilat höküm kürsüsinde otyrka, aýaly oňa: «Ol dogry adam bilen işiň bolmasyn, sebäbi men geçen gije düýşümde Ol zerarly köp azaplar çekdim» diýip, habar ýollapdy.


Oňa Rebbiň Mesihini görmezden öň ölmejekdigi Mukaddes Ruh tarapyndan aýan bolupdy.


Olar: «Bizi ýüzbaşy Korneliý iberdi. Ol dogry we Rebbe sežde edýän adam, ýahudy halkynyň arasynda hem onuň abraýy uludyr. Hudaýyň bir perişdesi oňa: „Petrusy öýüňe çagyryp, onuň aýtjak sözlerini diňle“ diýip buýruk beripdir» diýdiler.


Emma Petrus bilen Ýohanna olara: «Hudaýyň sözlerine däl-de, siziňkä gulak asmak Hudaýyň nazarynda dogrumydyr? Özüňiz netije çykaryň!


Petrus bilen resullar olara şeýle jogap berdiler: «Ynsana däl-de, Hudaýa boýun bolmak has möhümdir.


Çünki bu dünýäniň danalygy Hudaýyň nazarynda akmaklykdyr. Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaý akyllysyraýany öz hilesinde tutýar» diýip ýazylgydyr.


Nuh içersindäkileriň halas bolmagy üçin iman arkaly bir gämi ýasady. Ol heniz bolmadyk wakalar hakda Hudaýdan duýduryş alanda, Ondan gorkup, Oňa gulak asdy. Şeýlelikde, bütin dünýä jeza sezewar boldy, Nuh bolsa imany arkaly aklandy.


Olar ýerdäki Mukaddes çadyrda hyzmat edýärler. Bu çadyr bary-ýogy gökdäki hakyky Çadyryň görnüşi we kölegesidir. Şonuň üçin hem Hudaý Mukaddes çadyry nähili ýasamalydygy barada Musa şeýle görkezme beripdi: «Ähli zady dagda özüňe görkezilen nusganyň esasynda ýasarsyň».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ