Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 2:11 - Mukaddes Kitap

11 Olar öýe girip, çaga bilen ejesi Merýemi gördüler. Şonda dyza çöküp, Oňa sežde etdiler-de, hazynalaryny açyp, altyn, hoşboý tütetgiler we mür sowgat berdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Олар өе гирип, чага билен эҗеси Меръеми гөрдүлер. Шонда дыза чөкүп, Оңа сежде этдилер-де, хазыналарыны ачып, алтын, хошбой түтетгилер ве мүр совгат бердилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 2:11
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Kakalary Ysraýyl olara şeýle diýdi: «Bolýar, gidiň, ýöne ýanyňyz bilen häkim üçin sowgat hökmünde, şu ýurduň iň oňat näz-nygmatlaryndan: biraz melhem, biraz bal, ladan, atyr, pisse hem badam äkidiň.


Onsoň Şeba melikesi Süleýman patyşa iki ýüz batman altyn, köp mukdarda atyrlary we gymmatbaha daşlary berdi. Süleýman patyşa Şeba melikesiniňki ýaly şeýle köp mukdardaky hoşboý ysly zatlar hiç berilmändi.


Şeba melikesi ummasyz baýlyk, hoşboý ysly zatlar, köp mukdardaky altyn we gymmatbaha daşlar ýüklenen düýeler bilen Iýerusalime geldi. Ol Süleýmanyň ýanyna gelip, ýüregine düwen ähli sowallary sorady.


Ogly öpüň, ýogsa ol gazaba müner, siz hem heläk bolarsyňyz öz ýoluňyzda, çünki tiz tutaşýar onuň gazaby. Ony pena edinýänleriň ählisi bagtly.


Hökmürowan Reb biziň bilendir, Ýakubyň Hudaýy berkitmämizdir.


Şonuň üçin Hudaý halky şolara tarap öwrülýär, olaryň gepine gulak gabardýar.


«Men hem şolar ýaly gürlejek» diýen bolsadym, onda Hudaýyň halkynyň öňünde dönük bolardym.


Onuň huzuryndadyr hormat, şan-şöhrat, Onuň mekanyndadyr gözellik, kuwwat.


«Ine, şu iň gowy hoşboý ysly zatlary al: ýarym put mukdarda suwuk mür, çärýek put mukdarda ýakymly ysly dalçyn we ýene-de çärýek put mukdarda hoşboý ysly gamyş,


Reb Musa şeýle diýdi: «Hoşboý ysly zatlary: balzamy, onikany, galbanumy we ýakymly ysly tütetgini al. (Bularyň hemmesi deň möçberde bolsun.)


Tüsse sütüni deý çölden çykyp gelýän kim? Ondan täjirleriň hoşboý ysly atyrlaryndan edilen mürüň we ýakymly ysly tütetginiň hoşboý ysy bark urýar.


Sen düýe sürülerinden, Midýan, Eýpa köşeklerinden dolarsyň; bütin Şeba halky geler. Olar altyndyr ýakymly ysly tütetgi getirip, Rebbe alkyş aýdarlar.


Ruhany galla sadakasynyň zeýtun ýagyna garylan saýlama unundan we onuň üstündäki ýakymly ysly tütetgiden goşawujyny dolduryp alyp, olary Rebbiň ýoluna ot üsti bilen berilýän sadaka paýy hökmünde gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Onuň ysy Rebbe ýakymlydyr.


Gündogardan günbatara çenli milletler arasynda Meniň adym beýik bolar! Ähli ýerde Meniň adyma ýakymly ysly tütetgi ýakylyp, päk sadakalar hödürlener. Çünki milletler arasynda Meniň adym beýik bolar. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam.


Içi tütetgiden doly, her biriniň agramy ýigrimi mysgal bolan on iki sany altyn kepjäniň jemi agramy mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen iki ýüz kyrk mysgaldy.


Isa Mesihiň dogluşy şeýle boldy: Onuň ejesi Merýem bilen Ýusup adaglydy, emma olar entek ýassykdaş bolmankalar, Merýem özüniň Mukaddes Ruh arkaly göwreli bolandygyny bildi.


Isa halka gürrüň berip durka, ejesi bilen inileri geldi. Olar Isa bilen gepleşjek bolup, daşarda garaşyp durdular.


Gaýykdakylar: «Sen, hakykatdan-da, Hudaýyň Oglusyň» diýip, Oňa sežde etdiler.


Ýyldyzy görenlerinde, olaryň şatlyklarynyň çägi bolmady.


«Ýahudylaryň patyşasy bolup doglan nirede? Biz Onuň dogluş ýyldyzyny gördük we Oňa sežde etmäge geldik» diýdiler.


Şeýlelikde, olar gyssanmaç gidip, Merýemi, Ýusuby we ahyrda ýatan çagany tapdylar.


Hanna hem edil şol pursat gelip, Rebbe öwgi aýdyp, Iýerusalimiň halas bolmagyna garaşýanlaryň baryna bu Çaga hakda gürrüň berdi.


Ozal gijäniň içinde Isanyň ýanyna baran Nikodim hem Ýusup bilen biledi. Nikodim jemi agramy iki put bolan garyşyk mür bilen aloe alyp geldi.


Men perişdä sežde etmek üçin, onuň aýaklaryna ýykyldym. Emma ol maňa şeýle diýdi: «Ýok, maňa sežde etme! Men hem sen we Isa barada şaýatlyk edýän doganlaryň ýaly Hudaýyň bir guludyryn. Diňe Hudaýa sežde et! Isa barada şaýatlyk edýänler pygamberlik ruhuna eýe bolýandyrlar».


Ol düýrlenen kagyzy eline alanda, dört mahluk we ýigrimi dört ýaşuly Guzynyň öňünde ýüzin düşüp, Oňa sežde etdiler. Olaryň her biriniň elinde arfa we ýakymly ysly tütetgiden doly altyn käse bardy. Bu ýakymly ysly tütetgiler Hudaýyň halkynyň doga-dilegleridir.


Käbir ýaramaz adamlar bolsa: «Şolmy indi bizi gorajak?» diýşip, oňa pisint etmediler. Olar oňa sowgat-serpaý-da etmediler, ýöne Şawul olara üns bermedi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ