Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 2:1 - Mukaddes Kitap

1 Isa Hirod patyşanyň döwründe Ýahudyýanyň Beýtullaham şäherinde eneden doguldy. Şonda müneçjimler gündogardan Iýerusalime gelip:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Иса Хирод патышаның дөврүнде Яхудыяның Бейтуллахам шәхеринде энеден догулды. Шонда мүнечҗимлер гүндогардан Иерусалиме гелип:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 2:1
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar Meşa bilen Separ aralygyndaky gündogar daglarda mesgen tutdular.


Gyrnak aýallaryndan bolan ogullaryna bolsa Ybraýym özi dirikä sowgatlar berip, olary Yshakdan aýryp, gündogar topragyna iberdi.


Ir bilen faraonyň ruhy ünjülidi. Ol Müsüriň ähli jadygöýleridir akyldarlaryny çagyryp, olara öz düýşüni gürrüň berdi, emma olaryň hijisi düýşleri ýorup bilmediler.


Şalyk hasasy Ýahudanyň elinden düşmez, onuň nesilleri şalyk sürer elmydam, Ol Şilo geler, milletler oňa boýun bolarlar.


Süleýman pähim-paýhasynda bütin gündogarlylardan, bütin müsürlilerden öňe geçdi.


Onuň ikinji ogly Salma bolup, ol Beýtullahamy esaslandyrypdy, üçünji oglunyň ady Harep bolup, ol Beýtgaderi esaslandyrypdy.


Şeýle hem onuň ýedi müň goýun-geçisi, üç müň düýesi, müň öküzi, bäş ýüz urkaçy eşegi we birtopar gul-gyrnaklary bardy. Ol ähli gündogarlylaryň arasynda iň baýydy.


Şol gün Ýyşaýyň köki halklara nyşan bolar; milletler Oňa ýüz tutarlar, Onuň mesgeni şöhratly bolar.


Emma sen, eý, Beýtullaham-Efrat, Ýahuda uruglarynyň kiçisi bolsaň-da, senden çykar Ysraýylda Meniň üçin hökümdarlyk etjek, onuň asly owaldan, gadymdan bäri bardyr.


Emma Merýem ogluny dogurýança, Ýusup oňa ýanaşmady. Ýusup doglan çaganyň adyna Isa dakdy.


Müneçjimleriň aldanyny bilip, Hirod gahar-gazaba mündi. Ol müneçjimlerden sorap anyklan wagtyna görä, Beýtullaham bilen onuň daş-töweregindäki obalarda doglan iki ýaşyndaky we iki ýaşa ýetmedik erkek göbekli çagalaryň ählisini öldürtdi.


Hirod ölenden soň, Rebbiň bir perişdesi Müsürde Ýusubyň düýşüne girip:


Hirod patyşa muny eşidende, onuň özi-de, tutuş Iýerusalim halky-da galagopluga düşdi.


Olar şeýle jogap berdiler: «Ol Ýahudyýadaky Beýtullaham şäherinde dogulmaly, sebäbi pygamber şeýle ýazypdyr:


Onsoň Hirod müneçjimleri gizlin çagyryp, olardan ýyldyzyň haçan görnendigi barada jikme-jik sorady.


Ýahudyýa patyşasy Hirodyň döwründe Zekarýa atly bir ruhany bardy. Ol Abyýanyň ruhanylar toparyndandy, onuň aýaly Elizabet hem Harunyň neslindendi.


Şu gün Dawudyň şäherinde siziň üçin Halasgär doguldy. Ol Rebbimiz Mesihdir.


Perişdeler çopanlaryň ýanyndan aýrylyp, göge göterilenlerinde, çopanlar biri-birlerine: «Ýörüň, Beýtullahama gideliň. Rebbiň bize aýan eden bu wakasyny göreliň» diýişdiler.


Mukaddes Ýazgylarda: „Mesih Dawudyň neslinden, Dawudyň ýaşan Beýtullaham şäherinden geler“ diýip ýazylmanmy näme?» diýdiler.


Ýahudanyň Beýtullaham galasynda bir ýigit ýaşaýardy. Ol lewi tiresindendi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ