Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 19:5 - Mukaddes Kitap

5 „Şol sebäpden hem erkek ata-enesini taşlap, aýaly bilen birleşýär we olaryň ikisi bir ten bolýar“.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 „Шол себәпден хем эркек ата-энесини ташлап, аялы билен бирлешйәр ве оларың икиси бир тен боляр“.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 19:5
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şekem gyza ýürekden aşyk boldy. Ol gyzy söýdi we onuň göwnüni tapjak bolýardy.


Seniň üçin halym teňdir, eý, Ýonatan dogan! Juda eziz bolupdyň maňa. Zenan söýgüsinden-de artykdy söýgiň maňa.


Reb ysraýyl ogullaryna: «Siz keseki milletlerden gyz alşyp-berişmäň, çünki olar hökman sizi öz hudaýlaryna sežde etdirerler» diýip aýdan milletlerindendiler. Emma Süleýman muňa garamazdan şu aýallara öýlendi.


Ol ýeriň ujuna çenli uruşlary togtadýar, ýaýlary kül-owram edýär, naýzalary ikä bölüp taşlaýar, galkanlary ot-ýalynda ýandyrýar.


Emma Hudaý olara peýkamyn atar, olar duýdansyz ýaralanar.


Tutuş kalby bilen Hudaýa wepaly bolan hiç bir adam beýle hereket etmez. Wepaly adam näme isleýär? Ol öz dogulýan çagalarynyň Hudaýyň halky bolmagyny isleýär. Şonuň üçin habardar boluň we ýaşlykda öýlenen aýalyňyza dönüklik etmäň.


Şeýlelikde, olar indi iki däl, bir tendir. Şonuň üçin hem Hudaýyň birleşdirenini ynsan aýyrmasyn» diýdi.


Söýgiňiz ikiýüzli bolmasyn. Ýamanlygy ýigrenip, ýagşylyga ýapyşyň.


Eýsem siz özüni loly bilen birikdireniň onuň bilen bir ten bolýandygyny bilmeýärsiňizmi? Çünki Töwratda: «Ikisi bir ten bolýar» diýip ýazylgydyr.


Azgynlyga ýol bermezlik üçin, goý, her erkek öz aýaly, her aýal-da öz äri bilen ýaşasyn.


Aýalyň bedeni özüniň däl-de, äriniň ygtyýaryndadyr. Äri babatda hem şeýledir: äriniň bedeni özüniň däl-de, aýalynyň ygtyýaryndadyr.


Töwratda şeýle ýazylan: «Şol sebäpden hem erkek ata-enesini taşlap, aýaly bilen birigýär we olaryň ikisi bir ten bolýar».


Hudaýyňyz Rebden gorkuň, diňe Oňa gulluk ediň, Oňa bil baglaň, Onuň ady bilen ant içiň.


Hudaýyňyz Rebbi söýüp, Onuň ýolundan ýöräp, Oňa bil baglap, meniň size berýän bu buýruklarymyň ählisini yhlas bilen ýerine ýetirseňiz,


Hudaýyňyz Rebbe wepaly bolanlaryňyzyň hemmesi bu gün diri.


Şawul bilen Dawut gepleşip boldular. Şondan soň Dawudy Şawulyň ogly Ýonatanyň sulhy aldy. Ýonatan ony janyndan hem eziz gördi.


Dawut ýizregelli Ahynogama-da öýlendi. Bularyň ikisi-de onuň aýaly boldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ