Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 19:29 - Mukaddes Kitap

29 Meniň hatyram üçin öýlerini, doganlaryny, uýalaryny, ene-atasyny, çaga-çugalaryny, ýerlerini taşlan her kes yzyna ýüz esse edip gaýtaryp alar. Olar baky ýaşaýşyň mirasdüşeri bolarlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

29 Мениң хатырам үчин өйлерини, доганларыны, уяларыны, эне-атасыны, чага-чугаларыны, ерлерини ташлан хер кес ызына йүз эссе эдип гайтарып алар. Олар бакы яшайшың мирасдүшери боларлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 19:29
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Agtarmagyň öz wagty bar, ýitirmegiň öz wagty, saklamagyň öz wagty bar, zyňmagyň öz wagty.


Men sebäpli hemmeler sizi ýigrener, emma soňuna çenli çydan halas bolar.


Gowy topraga ekilen bolsa, sözi eşidip, oňa düşünýär hem-de hasyl berýär. Beýle adamlaryň käbiri ýüz, käbiri altmyş, käbiri otuz esse hasyl berýär».


Birnäçesi-de gowy ýere düşüp, käbiri ýüz, käbiri altmyş, käbiri hem otuz esse hasyl berýär.


Kim janyny halas etmek islese, ony ýitirer, ýöne kim janyny Meniň ugrumda ýitirse, ony halas eder.


Şol mahal bir adam Isanyň ýanyna gelip: «Eý, Mugallym, baky ýaşaýşa eýe bolar ýaly, men näme ýagşy iş etmeli?» diýip sorady.


Onsoň Patyşa sagyndakylara şeýle diýer: „Eý, Atamyň ýalkanlary! Geliň-de, dünýä ýaradylandan bäri siziň üçin taýýarlanan patyşalygy miras alyň.


Bular ebedi jeza, dogry adamlar bolsa baky ýaşaýşa gowşarlar».


Men sebäpli adamlaryň size sögen, yzarlan, nähak ýere her hili gybatyňyzy eden mahaly bagtlysyňyz!


Siz bolsa öňürti Hudaýyň Şalygyny we Onuň dogrulygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem size onuň üstüne goşulyp berler.


«Kim Meniň ýanyma gelip, atasyny, enesini, aýalyny, bala-çagasyny, doganyny, uýasyny, hatda öz janyny hem ýigrenmese, Meniň şägirdim bolup bilmez.


Şeýlelikde, olar gaýyklaryny kenara çykaryp, bar zady taşlap, Onuň yzyna düşdüler.


Ynsan Ogly sebäpli adamlar sizi ýigrenip, aralaryndan kowan wagty, size sögüp, adyňyzy garalan wagty bagtlysyňyz!


Dünýäden bolan bolsadyňyz, dünýä sizi özüniňkiler kimin söýerdi. Emma siz bu dünýä degişli dälsiňiz. Men sizi bu dünýäden saýlap aldym. Ine, şonuň üçin hem, dünýä sizi ýigrenýär.


Orakçy hem hakyny alýar, hem-de baky ýaşaýyş üçin hasyl toplaýar. Şeýdip, ekýän-de, orýan-da bilelikde şatlanýar.


Meniň adym ugrunda nähili azap çekmelidigini Men oňa görkezerin» diýdi.


Emma Mukaddes Ýazgylarda ýazylyşy ýaly: «Hudaýy söýýänler üçin Onuň taýynlan zatlaryny ne göz görüpdi, ne-de gulak eşidipdi, ne-de ynsan akyly çaklapdy».


Şonuň üçin-de, biz indi hiç kime ynsan nukdaýnazaryndan garamaýarys. Eger Isa Mesihe hem ozal şu nukdaýnazardan garan bolsak, mundan beýläk garamarys.


Hawa, men Rebbim Isa Mesihi tanamagyň ajaýyp belentliginiň hatyrasyna ähli zady biderek saýýaryn. Men Onuň hatyrasyna ähli zatdan geçip, bularyň baryny çöp-çör saýýaryn. Men Mesihi gazanasym we Onuň bilen mäkäm birigesim gelýär. Men Mukaddes Kanuna daýanýan öz dogrulygyma däl, eýsem Mesihe bolan imana daýanýan, iman arkaly Hudaýdan bolan dogrulyga eýe bolasym gelýär.


Mesihiň ady sebäpli kemsidilýän bolsaňyz, bagtyýarsyňyz, sebäbi Hudaýyň şöhratly Ruhy sizde mesgen tutandyr.


Olar Mesihiň adynyň hatyrasyna ýola çykdylar we diňe imandaky doganlarynyň ýardamyna bil baglamagy karar etdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ