Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 19:21 - Mukaddes Kitap

21 Isa oňa: «Müýnsüz bolaýyn diýseň, git-de, nämäň bar bolsa satyp, garyplara paýla, şonda gökde hazynaň bolar. Soňra gel-de, Meniň yzyma düş» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Иса оңа: «Мүйнсүз болайын дийсең, гит-де, нәмәң бар болса сатып, гарыплара пайла, шонда гөкде хазынаң болар. Соңра гел-де, Мениң ызыма дүш» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 19:21
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybram togsan dokuz ýaşyndaka, Reb oňa görnüp, şeýle diýdi: «Men Gudratygüýçli Hudaýdyryn. Sen Meniň nazarymda gez we takwa bol.


Nuhuň maşgalasynyň kyssasy şeýledir. Nuh öz döwürdeşleriniň arasynda dogruçyl hem takwa adamdy. Ol Hudaýyň huzurynda gezdi.


Us ýurdunda Eýýup atly bir adam bardy. Ol akýürekli, dogruçyl, Hudaýdan gorkýan we şerden gaça durýan adamdy.


Onsoň Isa şägirtlerine ýüzlenip: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, haçyny alyp, yzyma düşsün.


Ýaş ýigit Isadan: «Men bularyň hemmesini ýaşlygymdan bäri berjaý edip gelýärin-ä, men ýene näme etmeli?» diýip sorady.


Ýaş ýigit bu sözi eşidip, tukat bolup gitdi, sebäbi onuň mal-mülki köpdi.


Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn, ähli zadyň täzelenen döwri Ynsan Ogly Öz şöhratly tagtynda oturanda, Meniň yzyma düşen siz hem on iki tagtda oturyp, Ysraýylyň on iki tiresine kazylyk edersiňiz.


Isa olara: «Meniň yzyma düşüň, Men sizi ynsan tutýan balykçylar edeýin» diýdi.


Şeýlelikde, gökdäki Ataňyzyň kämil bolşy ýaly, siz hem kämil boluň».


Emma Isa oňa: «Meniň yzyma düş, goý, ölülerini ölüleriň özleri jaýlabersinler» diýdi.


Isa şol ýerden geçip barýarka, salgyt ýygnap oturan Mattany görüp, oňa: «Meniň yzyma düş!» diýdi. Ol hem turup, Onuň yzyna düşdi.


Isa oňa söýgüden doly mähir bilen seredip: «Seniň ýekeje kemiň bar. Git-de, nämäň bar bolsa satyp, garyplara paýla, şonda gökde hazynaň bolar. Onsoň gel-de, Meniň yzyma düş» diýdi.


Isa ýoldan geçip barýarka, salgyt ýygnap oturan Alfeýiň ogly Lewini görüp, oňa: «Meniň yzyma düş!» diýdi. Ol hem turup, Onuň yzyna düşdi.


Isa şägirtleri bilen birlikde mähelläni-de ýanyna çagyryp, olara şeýle diýdi: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, haçyny alyp yzyma düşsün.


Emlägiňizi satyň, garyplara sadaka beriň. Özüňize könelmeýän gapjyk, gökde tükenmeýän hazyna taýýarlaň. Ol ýere ogry golaýlaşýan däldir, güýe iýýän däldir.


Şeýlelikde, siziň her biriňiz ähli zadyňyzdan el çekmeseňiz, Meniň şägirdim bolup bilmersiňiz.


Size şuny aýdýaryn: özüňize dost gazanmak üçin dünýäniň baýlygyny ulanyň, bu mal-mülk gutaranda bolsa, siz ebedi galjak mesgenlere kabul edilersiňiz.


Şundan soň Isa daşary çykanda, salgyt ýygnap oturan Lewini görüp, oňa: «Meniň yzyma düş!» diýdi.


Şägirt öz halypasyndan üstün däldir, emma kämilleşensoň, her kes öz halypasy ýaly bolar.


Isa olaryň hemmesine şeýle diýdi: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, her gün haçyny alyp, yzyma düşsün.


Meniň goýunlarym sesime gulak asýarlar, Men hem olary tanaýaryn, olar Meniň yzyma düşýärler.


Kim Maňa hyzmat etmek isleýän bolsa, yzyma eýersin. Men nirede bolsam, Meniň hyzmatkärim-de şol ýerde bolar. Maňa hyzmat eden adamy Atam hormatlar.


Mal-mülklerini satyp, her kimiň mätäçligine görä öz aralarynda bölüşerdiler.


Tussagdakylaryň-da dertlerini deň çekişdiňiz, özüňizde has oňat hem baky baýlygyň bardygyny bilip, emlägiňiziň alynmagyny şatlyk bilen kabul etdiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ