Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 19:16 - Mukaddes Kitap

16 Şol mahal bir adam Isanyň ýanyna gelip: «Eý, Mugallym, baky ýaşaýşa eýe bolar ýaly, men näme ýagşy iş etmeli?» diýip sorady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Шол махал бир адам Исаның янына гелип: «Эй, Мугаллым, бакы яшайша эе болар ялы, мен нәме ягшы иш этмели?» дийип сорады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 19:16
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Topragyň astynda ýatanlaryň köpüsi oýanar: olaryň kimsi ebedi ýaşaýşa gowşar, kimsi ebedi utanja we ýigrenje duçar bolar.


Isa olaryň başyna elini goýup, pata berenden soň, ol ýerden gitdi.


Isa olara seredip: «Ynsanlar üçin bu mümkin däl, emma Hudaý üçin ähli zat mümkindir» diýdi.


Meniň hatyram üçin öýlerini, doganlaryny, uýalaryny, ene-atasyny, çaga-çugalaryny, ýerlerini taşlan her kes yzyna ýüz esse edip gaýtaryp alar. Olar baky ýaşaýşyň mirasdüşeri bolarlar.


Bular ebedi jeza, dogry adamlar bolsa baky ýaşaýşa gowşarlar».


Men olara baky ýaşaýyş berýärin. Olar asla heläk bolmaz, hiç kim olary Meniň elimden kakyp almaz.


Bu dünýäde janyny söýýän ony ýitirýändir. Emma bu dünýäde kim janyny ýigrenýän bolsa, ony baky ýaşaýyş üçin saklaýandyr.


Şoňa görä Oňa iman eden her bir adam baky ýaşaýşa gowşar».


Emma Meniň berjek suwumdan içen asla suwsamaz. Tersine, Meniň berjek suwum onuň içinde baky ýaşaýyş çeşmesine öwrüler» diýdi.


Siz baky ýaşaýyş Mukaddes Ýazgylardadyr öýdüp, olary yhlas bilen öwrenýärsiňiz. Olar bolsa Men hakda şaýatlyk edýärler.


Men size dogrusyny aýdýaryn, Maňa iman eden baky ýaşaýşa gowşandyr.


Simun Petrus Oňa: «Agam, biz Seni terk edip, başga kime baraly? Baky ýaşaýyş sözleri diňe Sende ahyryn.


Olary daşary çykaryp: «Agalar! Men halas bolmak üçin näme etmeli?» diýip sorady.


Hudaýdan şan-şöhrat, hormat we ölmezligi agtaryp, hemişe ýagşylyk edýänlere Ol baky ýaşaýşy berer.


Ozal günä hökmürowanlyk sürüp, hemmeleriň ömür tanapyny gyrýardy. Indi welin Hudaýyň merhemeti hökmürowanlyk sürýär. Şoňa görä-de, biz aklanyp, Rebbimiz Isa Mesih arkaly baky ýaşaýşa eýe bolduk.


Emma Isa Mesih maňa Öz çäksiz rehim-şepagatyny görkezdi. Hawa, Ol maňa rehim etdi we Özüne iman edip, baky ýaşaýşa gowuşjaklaryň ählisi üçin meni mysal hökmünde ulandy.


Iman ugrundaky göreşde edermenlik bilen göreş we baky ýaşaýşy makäm tut. Hudaý seni muňa çagyrdy, sen hem imanyňy köp şaýadyň öňünde doly ykrar edensiň.


Şeýle hazyna olaryň gelejeginiň berk binýady bolup, hakyky ýaşaýşa ýetirer.


Hudaýyň bu ýörelgesi baky ýaşaýyş umydyny berýär. Sözünde asla ýalan bolmadyk Hudaý bu ýaşaýşy dünýä ýaradylmazdan öň wada berip,


Bu Ýaşaýyş aýan boldy, biz Ony gördük. Atamyz Hudaý bilen bolan bu baky Ýaşaýyş bize äşgär boldy. Indi biz Ol barada şaýatlyk edip, Ony size yglan edýäris.


Çünki Mesih bize baky ýaşaýşy wada berdi.


Biz ýene şuny bilýäris: hak Hudaýy tanap bilmegimiz üçin, Hudaýyň Ogly gelip, bize akyl-paýhas berdi. Biz hak Hudaý we Onuň Ogly Isa Mesih bilen ýaşaýarys. Isa Mesih hak Hudaýdyr we baky ýaşaýyşdyr.


Rebbimiz Isa Mesih Öz rehimdarlygy arkaly sizi baky ýaşaýşa gowşurýança, Hudaýyň söýgüsi bilen ýaşamagy dowam etdiriň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ