Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 18:8 - Mukaddes Kitap

8 Eliň ýa aýagyň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony kesip taşla. Seniň iki elli, iki aýakly bolup, ebedi oda taşlananyňdan, bir elli, bir aýakly bolup, baky ýaşaýşa gowşanyň gowudyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Элиң я аягың сениң гүнә этмегиңе себәп болса, оны кесип ташла. Сениң ики элли, ики аяклы болуп, эбеди ода ташлананыңдан, бир элли, бир аяклы болуп, бакы яшайша говшаның говудыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 18:8
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň kümüş bilen örtülen butlaryňyzy, altyna gaplanan heýkelleriňizi haram saýarsyňyz; olary haram esgi hökmünde taşlarsyňyz, siz olara: «Güm boluň!» diýersiňiz.


Siondaky günäkärler dowla düşüp, hudaýsyzlar lerzana geldi: «Haýsymyz ýalmaýan oduň başynda ornaşyp bileris?»


Edýän ähli jenaýatlaryňyzy özüňizden aýryň, täze ýürek we täze ruh ediniň! Eý, ysraýyl halky, siz näme üçin öljek bolýarsyňyz?


Emma olar nägile bolmaz ýaly, köle git-de, çeňňek taşla. Çeňňege düşen ilkinji balygy alyp, agzyny açsaň, salgyt tölemäge ýeterlik teňňäni taparsyň. Teňňäni al-da, Meniň üçinem, özüň üçinem salgyt töle» diýdi.


Onsoň solundakylara şeýle diýer: „Eý, lagnatlylar, Meniň ýanymdan aýrylyň, iblis bilen onuň perişdelerine taýýarlanan ebedi oda ýanyň!


Bular ebedi jeza, dogry adamlar bolsa baky ýaşaýşa gowşarlar».


Şeýlelikde, siziň her biriňiz ähli zadyňyzdan el çekmeseňiz, Meniň şägirdim bolup bilmersiňiz.


Şonda ol gygyryp: „Eý, Ybraýym ata, maňa rehim et! Lazary iber, barmagynyň ujuny suwa batyryp, meniň dilimi sowatsyn, sebäbi bu oduň içinde men ejir çekýärin“ diýýär.


Gije geçip, gündiz golaýlady. Şoňa görä tümlügiň işlerini goýbolsun edip, nuruň ýaraglaryny dakynalyň.


Hudaýyň gazap käsesinden içer. Bu käse Hudaýyň gazabynyň şerabyndan, hiç zat garylmadyk sap şerapdan doludyr. Şeýle adam mukaddes perişdeleriň we Guzynyň öňünde ot, kükürt bilen gynalar.


Atlary ýaşaýyş kitabyna ýazylmadyklaryň ählisi ýanyp duran köle zyňyldy.


Emma gorkagyň, imansyzyň, kezzabyň, ganhoryň, zynahoryň, jadygöýüň, butparazyň we hemme ýalançylaryň – ählisiniň paýyna ýanýan kükürtli ot köli düşer. Ikinji ölüm, ine, budur».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ