Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 18:31 - Mukaddes Kitap

31 Ýaňky adamyň ýoldaşlary bu wakany görüp, gaty gynanýarlar. Olar gidip, bolan ähli zady onuň hojaýynyna habar berýärler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

31 Яңкы адамың ёлдашлары бу ваканы гөрүп, гаты гынанярлар. Олар гидип, болан әхли зады онуң хоҗайынына хабар берйәрлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 18:31
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýakubyň maşgalasynyň kyssasy şeýledir. On ýedi ýaşly Ýusup, öweý ejeleri Bilhadan we Zilpadan bolan doganlary bilen bile süri bakýardy. Ýusup doganlarynyň eden işlerini kakasyna şugullaýardy.


Wah, käşge başym bir bulak, gözlerim gözýaş çeşmesi bolsady! Biçäre halkymyň öldürilenleri üçin aglasadym men gije-gündiz!


Han gamgyn boldy, emma myhmanlaryň ýanynda ant içensoň, Ýahýanyň başynyň oňa getirilip berilmegini buýurdy.


Ýaňky dolandyryjy çykyp gidýär. Ol özüne ujypsyzja bergisi bolan bir ýoldaşyna sataşýar. Ony tutup: „Bergiňi ber“ diýip, onuň bokurdagyndan ýapyşýar.


Emma ol etmeýär, gaýtam, bergisini berýänçä, ony zyndana saldyrýar.


Hojaýyny ony çagyryp: „Eý, ýaramaz gul! Maňa ýalbaranyň üçin, men seniň bergiňiň baryny geçdim.


Isa töweregindäkilere gahar bilen bakyp, olaryň doňýürekdigine gynandy. Ýaňky adama: «Eliňi uzat!» diýdi. Ol hem elini uzatdy welin, eli doly sagaldy.


Hyzmatkär gelip, bulary öz jenabyna habar berýär. Onsoň öý eýesi gaharlanyp, hyzmatkärine: „Dessine şäheriň köçelerine, ýol-ýodalaryna git-de, garyplary, maýyplary, körleri, agsaklary şu ýere getir“ diýýär.


Isa Iýerusalime golaýlanda, ony görüp aglady.


Şatlanýanlaryň şatlygyna şatlanyň, aglaýanlaryň agysyna aglaň.


Utansam-da, şuny boýun alýaryn: biz sizden asgyn gelip, siz ýaly bolup bilmänmişik! Şunlukda, siziň üçin heniz-de akmak bolmak bilen, şuny diýýärin: beýlekileriň magtanmaga milt edenlerine men-de milt edýärin.


Ýolbaşçylaryňyzyň sözüne gulak asyň, olara tabyn boluň. Olar siziň janyňyz üçin Hudaýa hasabat bererler. Olaryň sözüne gulak asyň, sebäbi olar size gözegçilik edýändirler. Goý, olar borçlaryny şatlyk bilen ýerine ýetirsinler, gaýgy-hasrat çekmesinler, ýogsam, munuň size peýdasy degmez.


Tussagdaky doganlaryňyzy unutmaň, özüňiz hem şolar bilen tussagda bolýan kimin, olary ýatlap duruň. Horluk çekýänleri unutmaň, özüňizi olaryň ornuna goýup görüň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ