Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 18:3 - Mukaddes Kitap

3 «Size dogrusyny aýdýaryn: eger siz ýoluňyzdan dönüp, çagalar ýaly bolmasaňyz, Gögüň Şalygyna asla girip bilmersiňiz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 «Сизе догрусыны айдярын: эгер сиз ёлуңыздан дөнүп, чагалар ялы болмасаңыз, Гөгүң Шалыгына асла гирип билмерсиңиз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 18:3
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

onuň Rebbe wada berşini, Ýakubyň Gudratly Hudaýyna äht edişini:


Bu halkyň ýüregini kütelt, gulaklaryny ker et, gözlerini gap, gözleri bilen görmesin, gulaklary bilen eşitmesin, aňlary bilen aňlamasyn, Maňa dönüp, şypa tapmasynlar».


Bu halkyň ýüregi küteldi, gulaklary ker açdy, gözleri gapyldy. Ýogsam gözleri bilen görüp, gulaklary bilen eşiderdiler, aňlary bilen aňlap, Maňa tarap dolanardylar, Men hem olara şypa bererdim“.


Isa-da bir çagany çagyryp, ony olaryň ortasynda duruzdy-da, şeýle diýdi:


Kim şu çaga ýaly pes göwünli bolsa, Gögüň Şalygynda iň beýik şoldur.


Isa bolsa: «Çagalary Meniň ýanyma goýberiň, olary saklamaň, sebäbi Gögüň Şalygy şular ýalylaryňkydyr» diýdi.


Isa şägirtlerine: «Size dogrusyny aýdýaryn, baý adamyň Gögüň Şalygyna girmegi kyndyr.


Size dogrusyny aýdýaryn, asman bilen ýer ötýänçä, ähli zat amala aşýança, Töwratdan ýekeje harp-da, bir nokat-da öçmez.


Men size şuny aýdýaryn: dogrulygyňyz Töwrat mugallymlaryňky bilen fariseýleriňkiden artyk bolmasa, Gögüň Şalygyna asla girmersiňiz.


Agyz bekläniňizde ikiýüzlüler ýaly ýüzüňizi sallamaň. Olar adamlara agyz bekleýändiklerini görkezjek bolup, özlerine timar bermeýärler. Size dogrusyny aýdýaryn, olar eýýäm öz sylagyny alandyrlar.


Şonuň üçin hem mätäje sadaka bereniňizde, öňüňizde surnaý çaldyryp, muny uly ile jar etmäň. Adamlaryň öwgüsini gazanjak bolup, ikiýüzlüler sinagogalarda, köçelerde şeýle edýärler. Size dogrusyny aýdýaryn: olar eýýäm öz sylagyny alandyrlar.


Doga-dileg edeniňizde, ikiýüzlüler ýaly bolmaň. Olar göz üçin sinagogalarda, köçeleriň burçlarynda durup, doga okamagy halaýarlar. Size dogrusyny aýdýaryn, olar eýýäm öz sylagyny alandyrlar.


Şeýdip „olar seredip dursalar-da, hiç aňlamaýarlar, eşidip dursalar-da, hiç düşünmeýärler; ýogsam Maňa tarap öwrülip bagyşlanardylar“».


«Men size diýýärin: dar gapydan girmäge çalşyň, sebäbi köpler bu gapydan girmäge jan ederler, emma başarmazlar.


Emma Men imanyň kemelmesin diýip, seniň üçin dileg etdim. Sen hem bir wagt öwrülip geleniňde, doganlaryňy kuwwatlandyr» diýdi.


Isa sözüni dowam edip: «Size dogrusyny aýdýaryn, indi siz gökleriň açylyp, Hudaýyň perişdeleriniň Ynsan Oglunyň huzuryna inip-çykyşyny görersiňiz» diýdi.


Isa oňa: «Hakykatdan hem, gaýtadan dogulmadyk adam Hudaýyň Şalygyny görüp bilmez» diýip jogap berdi.


Isa şeýle jogap berdi: «Hakykatdan hem, suwdan we Mukaddes Ruhdan dogulmadyk adam Hudaýyň Şalygyna girip bilmez.


Olar şägirtleri ruhlandyrdylar we olara imanda berk durmagy ündäp: «Hudaýyň Şalygyna girmegimiz üçin, biziň köp muşakgatlary başdan geçirmegimiz gerek» diýýärdiler.


Bu halkyň ýüregi küteldi, gulaklary ker açdy, gözleri gapyldy. Ýogsam gözleri bilen görüp, gulaklary bilen eşiderdiler, aňlary bilen aňlap, Maňa tarap dolanardylar, Men hem olara şypa bererdim“.


Indi günäleriňiziň bagyşlanmagy üçin toba ediň we Hudaýa tarap öwrüliň.


Eý, doganlar, çagalar ýaly pikir ýöretmegiňizi bes ediň. Ýamanlyk babatda çaga ýaly boluň, ýöne akyl babatda kämil ýaşly boluň.


Ýaňy doglan bäbekler ýaly sap ruhy süýdi küýsäň, şonda ösüp, halas bolarsyňyz.


Şonda Rebbimiz we Halasgärimiz Isa Mesihiň ebedi şalygyna girmek hukugy size boldan-bol eçiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ