Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 18:28 - Mukaddes Kitap

28 Ýaňky dolandyryjy çykyp gidýär. Ol özüne ujypsyzja bergisi bolan bir ýoldaşyna sataşýar. Ony tutup: „Bergiňi ber“ diýip, onuň bokurdagyndan ýapyşýar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

28 Яңкы доландырыҗы чыкып гидйәр. Ол өзүне уҗыпсызҗа бергиси болан бир ёлдашына саташяр. Оны тутуп: „Бергиңи бер“ дийип, онуң бокурдагындан япышяр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 18:28
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eger ýerli halklar Sabat güni satmaga harytlar ýa-da galla getirseler-de, biz olardan Sabat we mukaddes günlerde hiç zat satyn almarys. Her ýedinji ýyl biz ýere dynç bereris hem-de algylarymyzyň baryny geçeris.


Bu zatlar hakda oýlanyp, beglere hem baştutanlara käýedim. Men olara: «Siziň her biriňiz öz halkyňyza göterimine pul berýärsiňiz» diýdim. Onsoň olaryň garşysyna uly jemagaty ýygnap, şeýle diýdim:


Ejizleri ezýän garyp hasyly süpürip äkidýän çabga ýalydyr.


Olar: «Biz agyz bekledik, näme üçin görmeýärsiň? Özümizi kiçeltdik, näme üçin üns bermeýärsiň?» diýýärler. Ine, siz agyz beklän günüňiz öz isläniňizi edýärsiňiz, işçileriňizi agyr işledýärsiňiz.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Eý, ysraýyl hökümdarlary, indi bes ediň! Zorluk we zulumy aradan aýryp, adalaty we dogruçyllygy berjaý ediň; halkymy öz topragyndan kowmaň. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Hojaýynyň oňa rehimi inýär, onuň bergisini geçip, ony boşadyp goýberýär.


Ýoldaşy onuň aýagyna ýykylyp: „Sabyr et, bergimi bererin“ diýip, oňa ýalbarýar.


Ol günlükçiler bilen bir günlük iş hakyny bir kümüş teňňä razylaşyp, olary öz üzümçiligine ýollaýar.


Muny bir ýyllyk iş hakyna barabar pula satyp, garyplara paýlap bolardy ahyry» diýşip, aýala igendiler.


Emma Isa: «Olara iýmäge zady siz beriň» diýdi. Olar: «Eýsem biz iki ýüz kümüş teňňäni çörege sarp edip, olara iýdirelimi?» diýdiler.


Şol günüň ertesi myhmanhananyň eýesine iki kümüş teňňe çykaryp berip: „Muňa gowuja seret, artykmaç çykdajy etseň, yzyma gelýärkäm bererin“ diýýär.


«Bir adam iki adama karz pul beripdir: birine – bäş ýüz kümüş teňňe, beýlekisine – elli kümüş teňňe.


Filip Oňa: «Bularyň her birine bir döwüm çörek satyn almak üçin iki ýüz kümüş teňňe sarp etsek-de ýetmez!» diýip jogap berdi.


Karzlaryňyzy ötmegiň ýoly şeýledir: her bir ysraýylly öz ysraýyl doganynyň karzyny geçsin. Ondan karzyny bermegi talap etmesin, çünki karz geçmekligi Rebbiň Özi yglan etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ