22 Isa oňa: «Men saňa ýedi gezek däl, ýetmiş gezek ýedi diýýärin» diýip jogap berdi.
22 Иса оңа: «Мен саңа еди гезек дәл, етмиш гезек еди диййәрин» дийип җогап берди.
Kabyl üçin ýedi gezek öç alynsa, Lemek üçin ýetmiş ýedi gezek öç alnar».
Pisler öz ýollaryndan, erbetler öz pikirlerinden dänip, Rebbe dolanyp barsynlar, Reb olara rehim eder; Hudaýymyza dolansynlar, Ol gaty geçirimlidir.
Rehimi iner Onuň bize ýene-de. Etmişlerimizi aýak astyna atar. Ähli günälerimizi deňziň düýbüne taşlarsyň.
«Şonuň üçin hem Gögüň Şalygy öz dolandyryjysy bilen hasaplaşmak islän bir patyşa meňzeýär.
Hudaýa doga okamaga duran mahalyňyz birinden öýke-kinäňiz bar bolsa, ony bagyşlaň, şonda gökdäki Ataňyz hem siziň ýazyklaryňyzy bagyşlar».
Ýamanlyk senden üstün gelmesin, tersine, ýagşylyk edip, ýamanlykdan üstün bol.
Gaharlanyp günä etmäň. Gaharyňyzyň üstüne Gün ýaşmasyn.
Her hili öýke-kine, gahar-gazap, paýyş sözler aýtmak we töhmet atmak ýaly ýigrenji häsiýetler sizden daş bolsun.
Biri-biriňize sabyrlylyk bilen çydaň. Araňyzda öýke-kine bar bolsa, biri-biriňizi bagyşlaň. Rebbiň sizi bagyşlaýşy ýaly, siz hem bagyşlaň.
Şoňa görä-de, erkekleriň gaharlanman, jedelleşmän, ähli ýerde ellerini galdyryp, päk ýürekden doga-dileg etmeklerini isleýärin.