Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 18:15 - Mukaddes Kitap

15 Eger doganyň günä etse, bar-da, ikiçäk gürleşip, aýybyny oňa aýt. Seniň sözüňe gulak assa, bu doganyňy gazandygyňdyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Эгер доганың гүнә этсе, бар-да, икичәк гүрлешип, айыбыны оңа айт. Сениң сөзүңе гулак асса, бу доганыңы газандыгыңдыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 18:15
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýa Reb, Saňa perýat edýärin, diýýärin: «Sen – meniň penam, diriler diýarynda – meniň nesibäm».


Dogrynyň miwesi ýaşaýyş daragtydyr, akyldar adam ynsanlary gazanýar.


Ýüregiňde ildeşiňi ýigrenme, günäsini onuň ýüzüne aýt, ýogsam senem günäkär bolarsyň.


Şeýlelikde, bu pes göwünlilerden biriniň heläk bolmagy gökdäki Ataňyzyň islegi däldir.


Soňra Petrus Isanyň ýanyna gelip, Ondan: «Agam, doganym maňa garşy günä etse, ony näçe gezek bagyşlaýyn? Ýedi gezekmi?» diýip sorady.


Eger her biriňiz öz doganyny ýürekden bagyşlamasa, gökdäki Atam-da size şeýle eder».


Ýamanlyk senden üstün gelmesin, tersine, ýagşylyk edip, ýamanlykdan üstün bol.


Siz öz doganlaryňyzyň ejiz ynsabyny ýaralamak bilen, olara garşy günä edeniňizde, Isa Mesihe garşy günä edýänsiňiz.


Şunlukda, men şol haty ýazan hem bolsam, ony ne ynjadany ýazgarmak üçin, ne-de ynjadylanyň tarapyny çalmak üçin ýazypdym. Men ony bize edýän yhlasyňyz Hudaýyň huzurynda özüňize-de aýan bolsun diýip ýazypdym.


Şunlukda, eý, doganlar, eger kimdir biri günäniň toruna düşen bolsa, siz, ýagny Ruha görä ýaşaýanlar, ony ýumşaklyk bilen dogry ýola getiriň. Emma synaga düşmez ýaly, özüňize-de gözegçilik ediň.


Biri-biriňize sabyrlylyk bilen çydaň. Araňyzda öýke-kine bar bolsa, biri-biriňizi bagyşlaň. Rebbiň sizi bagyşlaýşy ýaly, siz hem bagyşlaň.


şu tärde doganyňyza ahlaksyzlyk etmäň, ony aldamaň. Ozal size aýdyp, berk duýduryşymyz ýaly, şeýle günäleriň ählisi üçin Reb ynsanlary jezalandyrar.


Ýöne ony duşman saýmaň, gaýtam bir dogan hökmünde oňa öwüt beriň.


Agzalalyk döredýän adama birki gezek öwüt-nesihat ber. Emma şonda-da pälinden gaýtmasa, ondan gaça dur.


Edil şunuň ýaly, eý, aýallar, siz hem öz äriňize tabyn boluň. Eger äriňiz Hudaýyň sözüne ynanmaýan bolsa, ol aýalynyň ar-namysly, Hudaýdan gorkup ýaşaýan päk durmuşyny görüp, hiç bir aýdyp-diýmezden imana geler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ