7 Emma Isa gelip, olara elini degrip: «Turuň, gorkmaň» diýdi.
7 Эмма Иса гелип, олара элини дегрип: «Туруң, горкмаң» дийди.
Şonda bir el maňa galtaşyp, dyzyma galdyrdy.
Onsoň ýaňky ynsana meňzeş bolan ýene-de maňa elini degirdi, meni güýçlendirdi.
Ol maňa bu sözleri aýdýarka, huşumdan gidip, ýere ýüzin ýykyldym, ýöne ol meni tutup, aýak üstüne galdyrdy.
Şonda agşam gurbanlyk berilýän wagty men entek dileg edip durkam, öňki görnüşimde gören adamym Jebraýyl çaltlyk bilen uçup, ýanyma geldi.
Emma Isa dessine olara söz gatyp: «Dogumly boluň! Bu – Men, gorkmaň!» diýdi.
Şägirtler muny eşidenlerinde, gaty gorkup, ýüzin ýykyldylar.
Olar başyny galdyryp seredenlerinde, Isadan başga hiç kimi görmediler.
Aýallar gorkup, başlaryny ýere egdiler. Ýaňky adamlar olara: «Siz näme üçin dirini ölüleriň arasyndan gözleýärsiňiz?
Men Ony gören badyma öli kimin aýaklaryna ýykyldym. Emma Ol elini egnime goýup, şeýle diýdi: «Gorkma! Ilkinji we Ahyrky Mendirin.