Rebbiň perişdesiniň öz elindäki ýalaňaç gylyjyny Iýerusalime tarap uzadyp, ýer bilen gögüň arasynda durandygyny Dawut gördi. Jul geýnen Dawut hem-de ýaşulular ýere ýüzin ýykyldylar.
Şeýdip, Jebraýyl meniň duran ýerime geldi. Ol gelende, men dowla düşüp, özümi ýere taşladym. Emma ol maňa: «Eý, ynsan ogly, muny bilgin, bu görnüş ahyrzamana degişlidir» diýdi.
Rebbiň huzuryndan ot geldi, ot gurbanlyk sypasynyň üstündäki günä gurbanlygyny we ýagy ýakyp, olary küle öwürdi. Bu ahwalaty gören bütin halk gygyryşyp ýüzin ýykyldy.
Ol entek gepläp durka, parlak bir bulut olaryň üstüni örtdi. Bulutdan: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan gaty razydyryn. Oňa gulak asyň» diýen bir owaz geldi.
Hemmämiz ýere ýykyldyk. Bir sesiň maňa arameý dilinde: „Şawul, Şawul! Näme üçin Meni yzarlap, azar berýärsiň? Tekepbirligiň bilen özüňe zeper ýetirmäňi bes et“ diýenini eşitdim.
Gurbanlyk sypasynyň üstünden ýalyn asmana galyp ugranda, Rebbiň perişdesi ýalyn bilen bile ýokary göterildi. Muny gören Manowa bilen onuň aýaly ýere ýüzin ýykyldylar.