Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 17:5 - Mukaddes Kitap

5 Ol entek gepläp durka, parlak bir bulut olaryň üstüni örtdi. Bulutdan: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan gaty razydyryn. Oňa gulak asyň» diýen bir owaz geldi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Ол энтек гепләп дурка, парлак бир булут оларың үстүни өртди. Булутдан: «Бу Мениң сөвер Оглумдыр, Мен Ондан гаты разыдырын. Оңа гулак асың» диен бир оваз гелди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 17:5
38 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň Reb harasadyň içinden Eýýuba şeýle jogap berdi:


Emma adam ogly kimin siz ölersiňiz, şazadalar kimin ýykylarsyňyz».


Surnaýyň owazy gitdigisaýy güýçlenýärdi. Musa gepledi, Hudaý oňa gök gürrüldili ses bilen jogap berdi.


Ine, Meniň goldaýan bendäm, göwnühoş bolup saýlanym; Ruhumy oňa berdim, ol milletlere adalat getirer.


Öz dogrulygy zerarly kanunyny beýgeltmek, şöhratlandyrmak Rebbe ýarady.


«Ine, Meniň saýlan Bendäm, göwnühoş bolup, Ony söýenim; Ruhumy Onuň üstüne goýaryn, Ol milletlere adalaty yglan eder.


Şägirtler muny eşidenlerinde, gaty gorkup, ýüzin ýykyldylar.


Şol wagt gökden: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan köp razydyryn» diýen owaz geldi.


Şol wagt gökden: «Sen Meniň söwer Oglumsyň, Men Senden köp razydyryn» diýen owaz geldi.


Şol wagt bir bulut gelip, olaryň üstüni örtdi. Bulutdan: «Bu Meniň söwer Oglumdyr! Oňa gulak asyň» diýen bir owaz geldi.


Mukaddes Ruh kepderi görnüşde Onuň üstüne indi. Gökden: «Sen Meniň söwer Oglumsyň. Men Senden köp razydyryn» diýen owaz geldi.


Hudaý dünýäni örän söýendigi sebäpli Özüniň ýeke-täk Ogluny berdi. Ol muny Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, baky ýaşaýşa gowuşmagy üçin etdi.


Ata Ogly söýýär we Ol hemme zady Onuň eline tabşyrandyr.


Meni iberen Atanyň Özi hem Men hakda şaýatlyk etdi. Ýöne siz Onuň ne sesini eşitdiňiz, ne-de ýüzüni gördüňiz.


Isa bulary aýdandan soňra, resullar seredip durka, bir bulutda ýokary göterildi.


Ine, ysraýyl halkyna: „Hudaý siziň üçin öz halkyňyzyň arasyndan meniň ýaly bir pygamber çykarar“ diýip aýdan hem şu Musadyr.


Söwer Ogly arkaly bize boldan-bol eçilen şöhratly merhemeti üçin Hudaýa öwgüler bolsun!


Hudaýyňyz Reb siziň üçin öz halkyňyzyň arasyndan meniň ýaly pygamber çykarar. Siz şol pygambere gulak asyň.


Kimde-kim Meniň adymdan sözleýän pygamberiň sözlerine gulak asmasa, ol adam bilen Meniň Özüm hasaplaşaryn.


Reb bu sözleri dagda ot içinden, buludyň we tüm garaňkylygyň içinden gaty ses bilen tutuş jemagata aýtdy. Başga hiç zat goşmady. Ol bu sözleri iki sany ýasy daşyň ýüzüne ýazyp, maňa berdi».


Ol bizi garaňkylygyň ygtyýaryndan boşadyp, Öz söýgüli Oglunyň Şalygyna getirdi;


Şeýlelikde, Hudaý arkaly Isa Mesih kämil bolup, Ol Özüne tabyn bolýanlaryň hemmesini ebedilik halas etmegi başarýar.


Ine, Ol bulutlaryň arasy bilen gelýär! Ony hemmeler, hatda Ony deşim-deşim edenler hem görer. Dünýäniň ähli halklary Ol sebäpli aglarlar. Bu dogrudan-da şeýle bolar! Omyn.


Onsoň görsem, ine, bir ak bulut bar. Buludyň üstünde ynsan ogluna meňzeş Biri otyrdy. Onuň başynda altyn täji, elinde hem ötgür oragy bardy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ