Gilgatda ýaşaýan tişbeli Ylýas Ahaba şeýle diýdi: «Men özümiň gulluk edýän Ysraýyl Hudaýy Rebden ant içýärin. Tä men buýruk berýänçäm, ýurtda iki-üç ýyllap ne çyg bolar, ne-de ýagyn».
Ol atalary ogullary bilen ýaraşdyrmak, boýun egmezekleri dogrularyň düşünjesine gönükdirmek üçin, Ylýasyň ruhundan we gudratyndan dolar, Reb Isa Mesihiň öňünden ýörär. Ol Rebbiň göwnünden turjak halky taýýarlar».
Ýahýa gelýänçä, adamlar Töwrada we pygamberleriň ýazgylaryna görä ýaşamaly bolupdy. Indi bolsa Hudaýyň Şalygynyň Hoş Habary wagyz edilýär, oňa hemmeleriň giresi gelýär.
Isa olara: «Men heniz ýanyňyzdakam size aýdan sözlerim şulardyr: Men hakda Töwratda, pygamberleriň ýazgylarynda, Zeburda ýazylanlaryň ählisi berjaý bolmalydyr» diýdi.
Musa bilen Ylýas Isanyň ýanyndan aýrylyp barýarkalar, Petrus näme diýýänini özi-de bilmän, Oňa: «Halypa! Bize bu ýerde bolmak ýakymly, üç çadyr dikeli: biri – Saňa, biri – Musa, biri – Ylýasa» diýdi.
Men olar üçin öz halkynyň arasyndan seniň ýaly pygamber çykararyn. Meniň buýran zatlarymyň ählisini halka aýdar ýaly, Men sözlerimi pygamberiň agzyna salyp bererin.