Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 17:27 - Mukaddes Kitap

27 Emma olar nägile bolmaz ýaly, köle git-de, çeňňek taşla. Çeňňege düşen ilkinji balygy alyp, agzyny açsaň, salgyt tölemäge ýeterlik teňňäni taparsyň. Teňňäni al-da, Meniň üçinem, özüň üçinem salgyt töle» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

27 Эмма олар нәгиле болмаз ялы, көле гит-де, чеңңек ташла. Чеңңеге дүшен илкинҗи балыгы алып, агзыны ачсаң, салгыт төлемәге етерлик теңңәни тапарсың. Теңңәни ал-да, Мениң үчинем, өзүң үчинем салгыт төле» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 17:27
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaý erkege we aýala: «Örňäp, köpelip, ýer ýüzüni dolduryň we oňa eýeçilik ediň; balyklaryň, guşlaryň we ýer ýüzünde hereket edýän bütin jandarlaryň üstünden höküm sürüň» diýip pata berdi.


Sen çeşme suwundan içersiň. Ol ýerde gargalara seni iýmitlendirmegi tabşyrandyryn».


goýunlardyr öküzleriň baryny, şeýle-de çöl haýwanlaryny,


Men welin alkyşly aýdymlar bilen Saňa gurbanlyk bererin. Kasamymy berjaý ederin. Gutulyş Rebdendir».


Petrus Oňa: «Kesekilerden» diýende, Isa oňa: «Onda ogullar erkindir.


Emma kimde-kim Maňa ynanýan bu pes göwünlilerden biriniň günä etmegine sebäp bolsa, onuň üçin boýnundan uly degirmen daşy asylyp, deňziň düýbüne zyňylmagy has gowy bolar.


Eliň ýa aýagyň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony kesip taşla. Seniň iki elli, iki aýakly bolup, ebedi oda taşlananyňdan, bir elli, bir aýakly bolup, baky ýaşaýşa gowşanyň gowudyr.


Sag gözüň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony sogrup taşla. Bir synaňyň ýok bolmagy tutuş göwräňiň dowzaha atylmagyndan gowudyr.


Sag eliň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony kesip taşla. Bir synaňyň ýok bolmagy tutuş göwräňiň dowzaha taşlanmagyndan gowudyr.


Isa ýene söze başlady: «Kimde-kim Maňa ynanýan bu pes göwünlilerden biriniň günä etmegine sebäp bolsa, onuň boýnundan uly degirmen daşy asylyp, deňze zyňlany has gowy bolar.


Eliň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony kes. Golak bolup baky ýaşaýşa gowuşmak, iki elli bolup dowzaha, sönmez oda zyňylmakdan gowudyr.


Maňa ynanýan pes göwünlileriň biriniň günä etmegine sebäp bolanyndan, boýnundan bir degirmen daşy asylyp, deňze taşlanany onuň üçin has oňat bolar.


Isa şägirtleriň muňa hüňürdeşýänini bilip, olara: «Bu siziň janyňyza batýarmy?


Et iýmek, şerap içmek ýa-da haýsydyr başga bir zat doganyňyň büdremegine sebäp bolýan bolsa, olary etmezlik ýagşydyr.


Şoňa görä-de, iýýän zadym doganymyň büdremegine sebäp boljak bolsa, men ony asla iýmerin. Men onuň büdremegini islämok.


Öz azatlygyňyza seresaply çemeleşiň. Siziň azatlygyňyz ynsaby ejiz bolan doganlaryň büdremegine sebäp bolmasyn!


Biz hyzmatymyz abraýdan düşmesin diýip, hiç kimiň büdremegine sebäp bolamzok.


Çünki siz Rebbimiz Isa Mesihiň merhemetini bilýäňiz: Ol baý bolsa-da, siziň hatyraňyz üçin garyp boldy. Isa Mesih muny Özüniň garyplygy arkaly siziň baý bolmagyňyz üçin edipdi.


Gulak asyň, eý, söýgüli doganlarym! Hudaý bu dünýäde garyplary imana baý bolmaklary üçin saýlamadymy? Hudaý Özüni söýýänlere wada berşi ýaly, garyplary Şalygyny miras almaklary üçin saýlamadymy näme?


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ