Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 17:20 - Mukaddes Kitap

20 Isa hem olara: «Ýeterlik imanyňyzyň ýokdugy üçin şeýle boldy. Size dogrusyny aýdýaryn: bir gorçisa dänesi ýalyjak imanyňyz bolup, şu daga: „Bu ýerden ol ýere göç“ diýseňiz, ol göçer. Size başartmajak zat bolmaz» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Иса хем олара: «Етерлик иманыңызың ёкдугы үчин шейле болды. Сизе догрусыны айдярын: бир горчица дәнеси ялыҗак иманыңыз болуп, шу дага: „Бу ерден ол ере гөч“ дийсеңиз, ол гөчер. Сизе башартмаҗак зат болмаз» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 17:20
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Isa olara başga bir tymsaly-da gürrüň berdi: «Gögüň Şalygy bir adamyň öz melleginde eken gorçisa tohumyna meňzeýändir.


Isa: «Gel!» diýdi. Petrus hem gaýykdan düşüp, Isanyň ýanyna barjak bolup, suwuň ýüzünden Isa tarap ýöremäge başlady.


Isa: «Eý, ýoldan çykan, imansyz nesil! Men haçana çenli siziň bilen bile bolup, size çydaýyn? Oglany şu ýere, Meniň ýanyma getiriň» diýdi.


Onsoň şägirtler Isanyň ýanyna gelip, özli-özlerikä Ondan: «Biz näme üçin ony çykaryp bilmedik?» diýip soradylar.


Dagdan inip gelýärkäler, Isa olara: «Ynsan Ogly ölümden direlýänçä, gören zatlaryňyzy hiç kime aýtmaň» diýip tabşyrdy.


Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn, imanyňyz bolup, şübhe etmeseňiz, siz diňe bu injir agajyna edilen bilen çäklenmän, eýsem, şu daga: „Göteril-de, deňze zyňyl“ diýseňiz-de, ol bolar.


Isa olara: «Nämä gorkýarsyňyz, eý, imany azlar?!» diýdi. Soňra Ol ýerinden turup, ýele we köle käýedi welin, ol ýere doly ümsümlik aralaşdy.


Isa olara şeýle jogap berdi: «Hudaýa iman ediň.


Size dogrusyny aýdýaryn, kim ýüreginde şübhä ýol bermän, diýýäniniň boljakdygyna iman edip, şu daga: „Göteril-de, deňze zyňyl“ diýse-de, onuň diýeni bolar.


Hudaýyň Şalygy gorçisa tohumy ýalydyr. Bu tohum ýer ýüzünde ekilýän ähli tohumlaryň iň maýdasy bolup, ekilenden soň ösüp, ähli ösümliklerden belent bolýar. Ol şeýle uly şahalar çykarýar welin, guşlar kölegesinde höwürtgeläp bilýärler» diýdi.


Isa oňa: «Başardygyňdan diýmäň näme? Iman edýän üçin hemme zat mümkindir!» diýdi.


Çünki Hudaýyň ýanynda mümkin däl zat ýokdur» diýip jogap berdi.


Ol şeýle diýdi: «Eger siziň bir gorçisa dänesi ýaly imanyňyz bolup, şu tut agajyna: „Bu ýerden goparyl-da, deňizde göger!“ diýseňiz, ol size gulak asar.


Isa: «Ynsan üçin mümkin däl zatlar Hudaý üçin mümkindir» diýdi.


Isa oňa: «Eger iman etseň, Hudaýyň şöhratyny görersiň diýmänmidim?» diýdi.


Başga birine Mukaddes Ruh iman baýlygyny, ýene birine şypa berme peşgeşlerini berýär.


Eger pygamberlik peşgeşim bolup-da, ähli syrlary we ylymlary bilip-de, daglary süýşürjek güýçli imanym bolup-da, söýgim bolmasa, men hiçdirin.


Şeýlelikde, biz olaryň ynanmandyklary zerarly wada berlen ýere girip bilmändiklerini görýäris.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ