Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 17:17 - Mukaddes Kitap

17 Isa: «Eý, ýoldan çykan, imansyz nesil! Men haçana çenli siziň bilen bile bolup, size çydaýyn? Oglany şu ýere, Meniň ýanyma getiriň» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Иса: «Эй, ёлдан чыкан, имансыз несил! Мен хачана ченли сизиң билен биле болуп, сизе чыдайын? Огланы шу ере, Мениң яныма гетириң» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 17:17
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Milletler arasynda siz şuny aýdyň: «Reb – Patyşa! Berk berkarar edildi dünýä, ol sarsmaz asla. Ol ýüz görmezden halklara kazylyk eder».


Şeýlelikde, Musa bilen Harun faraonyň ýanyna baryp, oňa şuny aýtdylar: «Ýewreýleriň Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Meniň öňümde haçana çenli pespällikden boýun towlajak? Meniň halkymy goýber, goý, olar gidip, Maňa ybadat etsinler.


Reb Musa: «Siz haçana çenli Meniň tabşyryklarymy we kanunlarymy ýerine ýetirmekden boýun towlajaksyňyz?


«Eý, nadanlar, haçana çenli nadanlygy söýjeksiňiz? Masgaralaýjylar haçana çenli öz masgaralamagyndan keýp aljakkalar? Akmaklar haçana çenli bilimi ýigrenjekkäler?


Eý, ýalta kişi, sen haçana çenli ýatjak? Ukudan haçan oýanjak?


Reb akyly çaşyrýan ruhlary iberdi, serhoşuň öz gusugynyň üstünde yranyşy deý, olar müsürlileri bar işinde azaşdyrdylar.


Ýüregiňi tämizläp päkle pislikden, eý, Iýerusalim, halas bolarsyň şonda. Erbet niýetleriňi ýene näçe wagt saklajak içiňde?


Reb Musa şeýle diýdi: «Bu halk haçana çenli Meni äsgermän gezjekkä? Aralarynda görkezen ähli alamatlarymy görübem, bular haçana çenli Maňa ynanmakdan boýun towlajakkalar?


«Bu azgyn halk haçana çenli Meniň garşyma şikaýat etjekkä? Men ysraýyllaryň Meniň garşyma şikaýat edip hüňürdeşýändiklerini eşitdim.


Isa olaryň imansyzdyklary zerarly, ol ýerde köp gudrat görkezmedi.


Emma Isa olaryň näme diýişýändiklerini bilip, şeýle diýdi: «Eý, imany azlar! Çörek almandyrys diýşip, nämä özara çekeleşýärsiňiz?


Men ony Seniň şägirtleriňe getirdim, emma olar sagaldyp bilmediler» diýdi.


Isa arwah-jyna berk käýän badyna, arwah-jyn oglandan çykyp gitdi. Oglan şol pursadyň özünde sagaldy.


Emma bu gün bar bolup, ertir ojaga taşlanýan meýdan otuny Hudaý şeýle geýindirýän bolsa, sizi ondan has artyk geýindirmezmi, eý, imany azlar?


Isa olara: «Nämä gorkýarsyňyz, eý, imany azlar?!» diýdi. Soňra Ol ýerinden turup, ýele we köle käýedi welin, ol ýere doly ümsümlik aralaşdy.


Soňra Isa saçak başynda oturan Onbirleriň özlerine görnüp, imansyzdyklary, ýürekleriniň tekepbirdigi üçin olara käýedi. Sebäbi olar Onuň direlendigini gören adamlara ynanmandylar.


Isa olara: «Eý, imansyz nesil, Men haçana çenli siziň bilen bolaýyn? Haçana çenli size çydaýyn? Oglany Meniň ýanyma getiriň» diýdi.


Isa olara: «Wah, siz akmaklar! Pygamberleriň aýdanlaryna giç ynanýanlar!


Isa: «Eý, ýoldan çykan, imansyz nesil! Men haçana çenli siziň bilen bolup, size çydaýyn? Ogluňy bärik getir» diýdi.


Onsoň Isa Tomasyň ýanyna baryp, oňa: «Barmagyňy bu ýere degir, ellerime seret! Eliňi uzat-da, böwrüme degir. Şübhelenmäňi bes et, imanly bol» diýdi.


Kyrk ýylyň dowamynda Hudaý olaryň çöldäki etmişlerine çydady.


Petrus başga-da köp deliller bilen olara şaýatlyk edip: «Özüňizi bu azgyn nesilden halas ediň!» diýip ýalbardy.


Käşgä meniň akylsyzlygyma az-kem geçirimlilik etsediňiz! Wah, geçirimlilik edýäňiz-le!


Bu azgyn hem ters nesil Oňa hyýanat etdi. Ýazygyňyz sebäpli indi siz Onuň çagalary dälsiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ