Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 16:28 - Mukaddes Kitap

28 Size dogrusyny aýdýaryn: bu ýerde duranlaryň käbiri Ynsan Oglunyň Patyşa bolup gelýänini görmezden ölmezler» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

28 Сизе догрусыны айдярын: бу ерде дуранларың кәбири Ынсан Оглуның Патыша болуп гелйәнини гөрмезден өлмезлер» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 16:28
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sizi bir şäherde yzarlasalar, beýlekisine gaçyň. Size dogrusyny aýdýaryn, Ynsan Ogly gelýänçä, siz Ysraýylyň ähli şäherlerine aýlanyp çykyp bilmersiňiz.


Isa Kaýsariýa-Filip şäheriniň golaýyna gelende, şägirtlerinden: «Adamlar Ynsan Ogluna kim diýýärler?» diýip sorady.


Soňrak Isa ýeke Özi Zeýtun dagynda otyrka, şägirtleri Onuň ýanyna gelip: «Bize aýtsana, bu zatlar haçan bolar? Seniň gelmegiňi we dünýäniň ahyryny görkezýän alamat nähili bolar?» diýip soradylar.


Size dogrusyny aýdýaryn, bu zatlaryň ählisi bolýança, bu nesil dünýäden ötmez.


Şonuň üçin oýa boluň, sebäbi Rebbiňiziň haýsy gün geljegini bilmeýärsiňiz.


Isa oňa: «Hawa, Seniň aýdyşyň ýalydyr» diýip jogap berdi. Soňra sözüni dowam edip: «Size ýene şuny aýdaýyn, mundan soň siz Ynsan Oglunyň Gudratygüýçliniň sagynda oturanyny we gögüň bulutlarynda gelýänini görersiňiz!» diýdi.


Isa oňa: «Tilkileriň süreni, guşlaryň höwürtgesi bardyr, ýöne Ynsan Oglunyň başyny goýara-da ýeri ýokdur» diýip jogap berdi.


Şonda Ynsan Oglunyň beýik gudrata we şöhrata beslenip, bulutlarda gelýänini görerler.


Bu biwepa, günäkär nesliň arasynda kim Menden we Meniň sözlerimden utansa, Ynsan Ogly-da Atasynyň şöhratynda mukaddes perişdeleri bilen gelen mahaly ondan utanar».


Isa olara şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn: bu ýerde duranlaryň käbiri Hudaýyň Şalygynyň gudrat bilen gelýänini görmezden ölmezler».


Size şuny aýdýaryn: olaryň hakyny tiz alyp berer. Ýöne Ynsan Ogly gelende, ýeriň ýüzünde imanly adam taparmyka?»


Oňa Rebbiň Mesihini görmezden öň ölmejekdigi Mukaddes Ruh tarapyndan aýan bolupdy.


Emma size dogrusyny aýdýaryn: bu ýerde duranlaryň käbiri ölmezden öň Hudaýyň Şalygynyň gelýänini görerler».


Isa oňa: «Özüm dolanyp gelýänçäm, onuň diri galmagyny isleýän bolsam, saňa näme? Sen Meniň yzyma düş» diýip jogap berdi.


Men size dogrusyny aýdýaryn, Meniň sözüme uýýan adam asla ölüm garasyny görmez» diýdi.


Ýahudylar Oňa: «Seni jyn urandygyny indi anyk bildik. Ybraýym-da, pygamberler-de öldi. Emma Sen: „Meniň sözüme uýýan adam hiç haçan ölmez“ diýýärsiň.


«Eý, jelileliler! Näme üçin göge seredip dursuňyz? Isanyň göge göterilenini gözüňiz bilen gördüňiz ahyry. Ol göge nähili göterilen bolsa, hut şonuň ýaly hem gaýdyp geler» diýdiler.


Ýöne her kes öz gezeginde direler. Isa Mesih ilkinji bolup direldi. Mesih gelende, Oňa degişli bolanlar-da direler.


Emma biz şöhrat we hormat täjiniň Isa geýdirilendigini görýäris, sebäbi Ol biziň üçin ölüme döz geldi. Hawa, Ol perişdelerden biraz wagtlyk pes tutulyp, Hudaýyň merhemeti bilen ähli ynsanlar üçin jebir çekip öldi.


Eý, doganlar, Reb gelýänçä, sabyr-takatly boluň! Serediň, daýhan güýzki hem ýazky ýagşa nähili sabyrly garaşýar. Ol topragyň bol hasyl bererine garaşýar.


Size Rebbimiz Isa Mesihiň gudrat bilen gelşi hakda habar berenimizde, biz toslama ertekilere eýermedik. Biz Onuň şan-şöhratyny öz gözümiz bilen gördük.


Indi, eý, balalar, Mesih gelende ynamymyz bolup, Onuň huzurynda utanmaz ýaly, Onuň bilen ýaşalyň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ