Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 16:27 - Mukaddes Kitap

27 Ynsan Ogly Atasynyň şöhratynda Öz perişdeleri bilen gelende, her kime eden işlerine görä hakyny berer.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

27 Ынсан Оглы Атасының шөхратында Өз перишделери билен геленде, хер киме эден ишлерине гөрә хакыны берер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 16:27
45 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaý ynsanlaryň etmişlerini başlaryndan inderer, olara öz pälinden tapdyrar.


Şa bolsa Hudaýyň edenlerine şat bolar; Oňa wada berýänleriň bary heşelle kakar, çünki ýalançylaryň agzy baglanar.


Eger sen: «Biz bilmedik» diýseň, ýürekleri Synaýan muny bilmezmi? Seniň janyňy Goraýan ony aňmazmy? Ol her kime işine laýyk gaýtarmazmy?


Içimden: «Hudaý dogry adama hem, erbet adama hem kazylyk eder; çünki Hudaýyň Özi her mesele, her iş üçin wagt belledi» diýdim.


«Men-Reb her ynsana tutan ýoluna, eden işlerine görä jeza bermek üçin, ynsanyň ýüregini barlaýaryn, pikirlerini synaýaryn».


Seniň taglymatyň neneňsi beýik, işleriň nähili gudratly! Gözleriň ynsanlaryň edýän ähli işlerini görýändir. Her kese öz tutan ýoluna görä, işiniň miwesine görä sylaglaýarsyň.


Günä eden adam ölmelidir; atasynyň ýazygyny ogly çekmez, oglunyň ýazygyny-da atasy çekmez. Dogruçyl adam dogruçyllygynyň, erbet adam erbetliginiň jogabyny alar.


Patyşa ýas tutar, hökümdary aljyraňňylyk gaplar, ýurduň halkynyň gorkudan elleri titrär. Men olaryň tutan ýollaryna görä hasaplaşaryn, öz hökümlerine laýyklykda höküm çykararyn. Onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler».


Öňünden bir otly çeşme çogup akýardy. Müňlerçe müňler Oňa hyzmat edýärdi. On müňlerçe on müňler huzurynda dik durýardy. Kazyýet mejlisi höküme başlady, kitaplar açyldy.


Siz Rebbiň dagynyň jülgesiniň içi bilen gaçarsyňyz, sebäbi ol jülge Asele çenli uzalyp gider. Siz şonda Ýahuda patyşasy Uzyýanyň döwründe bolan ýertitremeden gaçyşyňyz ýaly gaçarsyňyz. Şol wagt meniň Hudaýym Reb ähli mukaddesler bilen bile geler.


Ynsan Ogly Öz perişdelerini iberer, olar-da günä duçar edýän ähli zatlary, erbetlik edýänleri Onuň Şalygyndan ýygnarlar.


Dünýäniň ahyrynda hem şeýle bolar. Perişdeler gelip, erbetleri dogry adamlardan aýryp,


Şonda gökde Ynsan Oglunyň alamaty görner. Ýer ýüzündäki ähli halklar ýas tutup perýat ederler. Ynsan Oglunyň beýik gudrata we şöhrata beslenip, gögüň bulutlarynda gelýänini görerler.


Ynsan Ogly Öz şan-şöhratyna beslenip, ähli perişdeleri bilen geler-de, şöhratly tagtynda oturar.


Isa oňa: «Hawa, Seniň aýdyşyň ýalydyr» diýip jogap berdi. Soňra sözüni dowam edip: «Size ýene şuny aýdaýyn, mundan soň siz Ynsan Oglunyň Gudratygüýçliniň sagynda oturanyny we gögüň bulutlarynda gelýänini görersiňiz!» diýdi.


Isa oňa: «Tilkileriň süreni, guşlaryň höwürtgesi bardyr, ýöne Ynsan Oglunyň başyny goýara-da ýeri ýokdur» diýip jogap berdi.


Isa: «Mendirin! Siz Ynsan Oglunyň Gudratygüýçliniň sagynda oturanyny we gögüň bulutlarynda gelýänini görersiňiz» diýdi.


Bu biwepa, günäkär nesliň arasynda kim Menden we Meniň sözlerimden utansa, Ynsan Ogly-da Atasynyň şöhratynda mukaddes perişdeleri bilen gelen mahaly ondan utanar».


Şonda olar Ynsan Oglunyň beýik gudrata we şöhrata beslenip, bulutlarda gelýänini görerler.


Emma mundan beýläk Ynsan Ogly gudratly Hudaýyň sagynda oturar» diýdi.


Kim Menden we Meniň sözlerimden utansa, Ynsan Ogly-da Özüniň, Atasynyň we mukaddes perişdeleriň şöhraty bilen gelen mahaly ondan utanar.


Isa oňa: «Özüm dolanyp gelýänçäm, onuň diri galmagyny isleýän bolsam, saňa näme? Sen Meniň yzyma düş» diýip jogap berdi.


Şu sebäpden imanly doganlaryň arasynda bu şägirt ölmez diýen gürrüň ýaýrady. Emma Isa onuň ölmejekdigi barada aýtmandy, Ol Petrusa diňe: «Özüm dolanyp gelýänçäm, onuň diri galmagyny isleýän bolsam, saňa näme?» diýipdi.


«Eý, jelileliler! Näme üçin göge seredip dursuňyz? Isanyň göge göterilenini gözüňiz bilen gördüňiz ahyry. Ol göge nähili göterilen bolsa, hut şonuň ýaly hem gaýdyp geler» diýdiler.


Hawa, her birimiz Hudaýyň öňünde özümiz üçin jogap bereris.


Şol gün Hudaý her kime eden işine görä gaýtarar.


Ýöne her kes öz gezeginde direler. Isa Mesih ilkinji bolup direldi. Mesih gelende, Oňa degişli bolanlar-da direler.


gurandygy soňra belli bolar. Bu Rebbiň gününde ot-alaw arkaly aýan bolar. Ot-alaw her kesiň eden işiniň nähilidigini synar.


Ýöne iýmit bizi Hudaýa ýakynlaşdyrmaýar. Iýmänimiz bilen zyýan çekemzok, iýenimiz bilen-de peýda göremzok.


Çünki ýagşy bolsun, ýaman bolsun, parhy ýok, bedendekäk eden işlerimize laýyk paýymyzy almak üçin, hemmämiz Isa Mesihiň höküm kürsüsiniň öňünde durmalydyrys.


Çünki isle gul bolsun, isle azat, her kimiň öz eden ýagşylygynyň öwezini Rebden aljakdygyny siz bilýänsiňiz.


Kim ýamanlyk etse, öz eden ýamanlygynyň almytyny alar, Reb hiç kime tarapgöýlik edýän däldir.


Rebbiň Özi hökmürowan gygyryş bilen, Öz surnaýy bilen, baş perişdäniň sesi bilen göklerden iner. Şonda ilki bilen Mesihe gowşan merhumlar direler.


Eý, doganlar, Reb gelýänçä, sabyr-takatly boluň! Serediň, daýhan güýzki hem ýazky ýagşa nähili sabyrly garaşýar. Ol topragyň bol hasyl bererine garaşýar.


Bütinleý ýüz görmezden, her kime eden işine görä höküm çykarýan Hudaýy Ata diýip çagyrýan bolsaňyz, bu dünýädäki wagtlaýyn döwrüňizi Hudaýdan gorkup geçiriň.


Indi, eý, balalar, Mesih gelende ynamymyz bolup, Onuň huzurynda utanmaz ýaly, Onuň bilen ýaşalyň.


Adam atadan soňra ýedinji nesil bolan Hanok hem bu adamlar hakda şeýle pygamberlik edipdir: «Ine, Reb san-sajaksyz, müňlerçe perişdeleri bilen gelýär.


Ine, Ol bulutlaryň arasy bilen gelýär! Ony hemmeler, hatda Ony deşim-deşim edenler hem görer. Dünýäniň ähli halklary Ol sebäpli aglarlar. Bu dogrudan-da şeýle bolar! Omyn.


Men onuň çagalaryny hem öldürerin. Şonda hemme ýygnaklar Meniň ýürekleri we pikirleri derňeýändigimi bilerler. Men siziň her biriňize eden işleriňize görä jeza bererin.


Men tagtyň öňünde duran uludyr kiçi ölüleri gördüm. Kitaplar açyldy. Ýaşaýyş kitaby atly ýene bir kitap açyldy. Kitaplarda ýazylanlara seredilip, ölülere eden işlerine görä kazylyk edildi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ