Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 16:23 - Mukaddes Kitap

23 Emma Isa Petrusa tarap öwrülip: «Çekil öňümden, şeýtan! Sen Maňa böwet bolýarsyň, sebäbi Sen Hudaýyň işlerini däl-de, ynsan işleri hakda oýlanýarsyň» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 Эмма Иса Петруса тарап өврүлип: «Чекил өңүмден, шейтан! Сен Маңа бөвет болярсың, себәби Сен Худайың ишлерини дәл-де, ынсан ишлери хакда ойланярсың» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 16:23
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Adama bolsa Beýik Hudaý şeýle diýdi: «Sen aýalyňyň gepine gitdiň, „Iýme“ diýip, gadagan eden agajymyň miwesinden iýdiň. Seniň eden işiň sebäpli, Men topragy näletländirin. Sen toprakdan ömürboýy muşakgatlyk bilen iýmitlenersiň.


Emma Dawut şeýle diýdi: «Eý, Seruýanyň ogullary, bu günki gün meniň bilen duşman bolar ýaly, biziň aramyzda näme bar? Men bu gün özümiň Ysraýylyň şasydygymy bilmeýärinmi näme? Bu gün Ysraýylda hiç kim öldürilmez».


Şeýtan Ysraýyla garşy çykyp, Dawudy ysraýyl halkynyň adam sanyny bilmek küýüne düşürdi.


Ol mukaddes öý bolar, emma Ol Ysraýylyň iki patyşalygyna büdreme daşy, ýykýan gaýa, Iýerusalimiň ilatyna duzak we tor bolar.


Petrus Ony bir çete çekip: «Hudaý saklasyn, Agam! Seniň başyňa asla beýle iş düşmez!» diýip, Onuň aýdanlaryna garşy çykmaga başlady.


Ynsanlary günä duçar edýän zatlar üçin bu dünýäniň halyna waý! Beýle zatlar gelmelidir, emma bularyň gelmegine ýardam berýän adamyň dat gününe!


Isa oňa: «Ýok bol, şeýtan! „Hudaýyňyz Rebbe sežde ediň, diňe Oňa gulluk ediň“ diýip ýazylandyr» diýdi.


Emma Isa öwrülip, şägirtlerine seretdi we Petrusa: «Çekil öňümden, şeýtan! Sen Hudaýyň işlerini däl-de, ynsan işleri hakda oýlanýarsyň» diýip käýedi.


Isa oňa: «„Hudaýyňyz Rebbe sežde ediň, diňe Oňa gulluk ediň“ diýip hem ýazylgydyr» diýip jogap berdi.


Isa olara: «Siz Onkileri Özüm saýlap almadymmy? Muňa garamazdan, araňyzdan biri iblisdir» diýip jogap berdi.


Şoňa görä-de, biri-birimizi ýazgarmalyň. Gaýtam, doganymyzyň büdräp, ýykylmagyna sebäp bolaýjak hereketlerden saklanmagyň pikirini edeliň.


Et iýmek, şerap içmek ýa-da haýsydyr başga bir zat doganyňyň büdremegine sebäp bolýan bolsa, olary etmezlik ýagşydyr.


Olaryň soňy weýrançylykdyr, olaryň gara garynlary hudaýlarydyr, olar öz masgaralygyna buýsanýandyrlar. Olar diňe bu dünýäniň zatlary barada oýlanýandyrlar.


Pikiriňizi dünýewi zatlara däl-de, gökdäki zatlara gönükdiriň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ