Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 16:21 - Mukaddes Kitap

21 Şondan soň Isa şägirtlerine Özüniň Iýerusalime gitmelidigi, ýaşulularyň, ýolbaşçy ruhanylaryň, Töwrat mugallymlaryň elinden köp görgüler görmelidigi, öldürilmelidigi we üçülenji gün direlmelidigi hakynda düşündirmäge başlady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Шондан соң Иса шәгиртлерине Өзүниң Иерусалиме гитмелидиги, яшулуларың, ёлбашчы руханыларың, Төврат мугаллымларың элинден көп гөргүлер гөрмелидиги, өлдүрилмелидиги ве үчүленҗи гүн дирелмелидиги хакында дүшүндирмәге башлады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 16:21
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sallu, Amok, Hilkiýa, Ýedaýa. Ýeşuwanyň döwründe bular öz doganlarynyň we ruhanylaryň baştutanlarydylar.


Ýunusyň üç gije-gündiz balygyň garnynda galyşy ýaly, Ynsan Ogly-da üç gije-gündiz ýeriň bagrynda galar.


Petrus Ony bir çete çekip: «Hudaý saklasyn, Agam! Seniň başyňa asla beýle iş düşmez!» diýip, Onuň aýdanlaryna garşy çykmaga başlady.


Size dogrusyny aýdýaryn: bu ýerde duranlaryň käbiri Ynsan Oglunyň Patyşa bolup gelýänini görmezden ölmezler» diýdi.


Men size şuny aýdýaryn: Ylýas birwagt geldi, emma ony tanaman, oňa islän zatlaryny etdiler. Ynsan Ogly-da edil şonuň ýaly, olaryň elinden jebir çeker» diýip jogap berdi.


Dagdan inip gelýärkäler, Isa olara: «Ynsan Ogly ölümden direlýänçä, gören zatlaryňyzy hiç kime aýtmaň» diýip tabşyrdy.


Ynsan Ogly hem Özüne hyzmat edilmegi üçin däl-de, eýsem, başgalara hyzmat etmek üçin, köpleriň ugrunda janyny gurban edip, olary azat etmek üçin geldi» diýdi.


«Bilşiňiz ýaly, ýene iki günden Pesah baýramydyr. Onsoň Ynsan Ogly haça çüýlenmäge tabşyrylar» diýdi.


Isa heniz gepläp durka, Onkileriň biri bolan Ýudas peýda boldy. Onuň ýanynda ýolbaşçy ruhanylar bilen ýaşulular tarapyndan iberilen gylyçly, taýakly bir mähelle bardy.


Ýolbaşçy ruhanylar bilen ýaşulular Ony aýyplanlarynda, Ol hiç hili jogap bermedi.


«Jenap, ol ýalançynyň entek dirikä: „Men üç günden soň direlerin“ diýeni biziň ýadymyzda.


Ol bu ýerde ýok. Ol Öz aýdyşy ýaly direldi. Bäri geliň-de, Onuň ýatan ýerini görüň.


Onsoň Isa şägirtlerine Ynsan Oglunyň köp görgüler görmelidigi, ýaşulular, ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlar tarapyndan ret edilmelidigi, öldürilmelidigi we üç günden soň direlmelidigi hakynda öwretmäge başlady.


Isa hem olara: «Dogrudan-da, öňürti Ylýas gelip, ähli zady düzetmeli. Emma Ynsan Oglunyň köp görgi görüp, ret edilmelidigi hakynda hem ýazylan ahyryn.


Emma Ol öňürti köp görgi görüp, bu nesil tarapyndan ret edilmelidir.


Isa olara: «Mesih görgi görer we üçülenji gün ölümden direler diýip ýazylandyr.


Olar şöhrat içinde peýda bolup, Isanyň dünýäden alynmaly pursady barada gürrüň edýärdiler. Bu pursat Iýerusalimde amala aşmalydy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ