Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 16:20 - Mukaddes Kitap

20 Onsoň şägirtlerine Özüniň Isa Mesihdigini hiç kime aýtmazlygy tabşyrdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Онсоң шәгиртлерине Өзүниң Иса Месихдигини хич киме айтмазлыгы табшырды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 16:20
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýakup Merýemiň adamsy Ýusubyň atasydy, Merýemden bolsa Mesih diýip atlandyrylan Isa doguldy.


Simun Petrus: «Sen diri Hudaýyň Ogly Mesihsiň» diýip jogap berdi.


Dagdan inip gelýärkäler, Isa olara: «Ynsan Ogly ölümden direlýänçä, gören zatlaryňyzy hiç kime aýtmaň» diýip tabşyrdy.


Soňra Isa oňa: «Ägä bol, muny hiç kime aýtmagyn. Ýöne git-de, ruhana görün we deri keselinden saplanandygyňy hemmelere subut eder ýaly, Musanyň buýran sadakasyny ber» diýdi.


Şonda Isa olara Özi hakynda hiç kime hiç zat aýtmazlygy tabşyrdy.


Onsoň dagdan inip gelýärkäler, Isa olara Ynsan Ogly ölümden direlýänçä, bu gören zatlaryny hiç kime aýtmazlygy buýurdy.


Şu gün Dawudyň şäherinde siziň üçin Halasgär doguldy. Ol Rebbimiz Mesihdir.


Isa bolsa muny hiç kime aýtmazlygy olara berk tabşyrdy.


Bu ses kesilen wagty, Isa ýeke galdy. Şägirtler bolsa dymyp, gören zatlary barada şol günlerde hiç kime gürrüň bermediler.


Andrys ilki bilen dogany Simuny tapyp, oňa: «Biz Mesihi tapdyk» diýdi. (Mesih Hudaýyň saýlap-seçeni diýmekdir).


Filip Natanaýeli tapyp, oňa: «Biz Musanyň Töwradynda we beýleki pygamberleriň ýazgylarynda ýazylan Adamy tapdyk. Ol nasyraly Ýusubyň ogly Isa eken!» diýdi.


Ol Isa: «Hawa, Agam. Men Seniň şu dünýä gelmeli Hudaýyň Ogly Mesihdigiňe ynanýaryn» diýdi.


Ýöne bular siziň Isanyň Hudaýyň Ogly Mesihdigine iman etmegiňiz üçin we iman edip, Onuň ady bilen ýaşaýşa gowuşmagyňyz üçin ýazyldy.


Şonuň üçin hem, eý, tutuş ysraýyl halky, şuny anyk bilip goý: Hudaý siziň haça çüýlän bu Isaňyzy hem Reb, hem Mesih edip belledi».


Onda ýalançy kim? Isanyň Mesihdigini inkär edýän adam ýalançydyr. Ol Mesihiň duşmanydyr! Ol Atany-da, Ogly-da inkär edýär.


Isanyň Mesihdigine ynanýan her bir adam Hudaýyň perzendidir. Atany söýýän adam Onuň perzendini-de söýýändir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ