Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 16:19 - Mukaddes Kitap

19 Gögüň Şalygynyň açarlaryny saňa bererin. Ýer ýüzünde rugsat berýän zadyňa gökde-de rugsat berler. Ýer ýüzünde gadagan edýän zadyň gökde-de gadagan ediler».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Гөгүң Шалыгының ачарларыны саңа берерин. Ер йүзүнде ругсат берйән задыңа гөкде-де ругсат берлер. Ер йүзүнде гадаган эдйән задың гөкде-де гадаган эдилер».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 16:19
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawudyň öýüniň açaryny onuň gerşinden asaryn. Onuň açanyny hiç kim ýapyp bilmez, ýapanyny hiç kim açyp bilmez.


Size dogrusyny aýdýaryn: ýer ýüzünde rugsat berýän zadyňyza gökde-de rugsat berler. Ýer ýüzünde gadagan edýän zadyňyz gökde-de gadagan ediler.


Siz kimiň günäsini bagyşlasaňyz, şol bagyşlanar, kimiň günäsini bagyşlamasaňyz, şol bagyşlanmaz» diýdi.


Ýygnakda gürrüň uzaga çekensoň, Petrus ýerinden turup, olara şeýle diýdi: «Doganlar! Özüňiz bilýänsiňiz, keseki milletlere Hoş Habary wagyz etmegim üçin, ençeme wagt mundan öň Hudaý araňyzdan meni saýlady. Ol muny milletleriň Hoş Habary eşidip, iman etmegi üçin şeýle etdi.


Siziň bagyşlan kişiňizi men hem bagyşlaýaryn, sebäbi men hem birini bir zatda bagyşlan bolsam, bagyşlanymy siziň hatyraňyz üçin Mesihiň huzurynda bagyşladym.


Şoňa görä-de, bu tabşyryklary ret edýän adam ynsany däl, eýsem Öz Mukaddes Ruhuny berýän Hudaýy ret edýändir.


Men diridirin. Ölüdim, ýöne, ine, indi ebedilik diridirin. Ölümiň-de, ölüler dünýäsiniň-de açary Mendedir.


Pygamberlik eden günleri ýagyş ýagmaz ýaly, olaryň gögi baglamaga ygtyýary bardyr. Olaryň suwy gana öwürmäge, ýer ýüzüni islän wagtlary dürli bela-külpetlere ýolukdyrmaga ygtyýarlary bardyr.


«Filadelfiýadaky ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Bu habar mukaddes we hakyky Bolandandyr. Ol Dawut açarynyň Eýesidir. Onuň açan gapysyny hiç kim ýapyp bilmez. Onuň ýapan gapysyny hiç kim açyp bilmez. Ine, Ol şeýle diýýär:


Bäşinji perişde surnaýyny çaldy. Men gökden ýere gaçan bir ýyldyz gördüm. Ýyldyza dowzah guýusynyň açary berildi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ