Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 16:13 - Mukaddes Kitap

13 Isa Kaýsariýa-Filip şäheriniň golaýyna gelende, şägirtlerinden: «Adamlar Ynsan Ogluna kim diýýärler?» diýip sorady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Иса Кайсария-Филип шәхериниң голайына геленде, шәгиртлеринден: «Адамлар Ынсан Оглуна ким диййәрлер?» дийип сорады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 16:13
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gije şol görnüşimde ynsan ogluna meňzeş biriniň gögüň bulutlary bilen gelýändigini gördüm. Ol owaldan Bar Bolanyň ýanyna ýakynlaşyp, Onuň huzuryna getirildi.


Kim Ynsan Ogluna garşy söz aýtsa, bagyşlanar. Emma Mukaddes Ruha garşy aýdylan söz bagyşlanmaz. Ol şu döwürde-de, geljekde-de bagyşlanmaz.


Ýunusyň üç gije-gündiz balygyň garnynda galyşy ýaly, Ynsan Ogly-da üç gije-gündiz ýeriň bagrynda galar.


Çünki Ynsan Ogly hatda Sabat gününiň-de hökümdarydyr».


Ol şeýle jogap berdi: «Oňat tohumy ekýän Ynsan Ogludyr.


Ynsan Ogly Öz perişdelerini iberer, olar-da günä duçar edýän ähli zatlary, erbetlik edýänleri Onuň Şalygyndan ýygnarlar.


Isa ol ýerden çykyp, Sur we Sidon şäherleriniň töweregine gitdi.


Ynsan Ogly Atasynyň şöhratynda Öz perişdeleri bilen gelende, her kime eden işlerine görä hakyny berer.


Size dogrusyny aýdýaryn: bu ýerde duranlaryň käbiri Ynsan Oglunyň Patyşa bolup gelýänini görmezden ölmezler» diýdi.


Ynsan Ogly Öz şan-şöhratyna beslenip, ähli perişdeleri bilen geler-de, şöhratly tagtynda oturar.


Isa oňa: «Tilkileriň süreni, guşlaryň höwürtgesi bardyr, ýöne Ynsan Oglunyň başyny goýara-da ýeri ýokdur» diýip jogap berdi.


Emma siz Ynsan Oglunyň ýer ýüzünde günäleri ötmäge-de ygtyýarynyň bardygyny bilip goýuň» diýdi. Onsoň Ol ysmaza: «Saňa diýýärin, tur, düşegiňi al-da, öýüňe gaýt» diýdi.


Ynsan Ogly hem Özüne hyzmat edilmegi üçin däl-de, eýsem, başgalara hyzmat etmek üçin, köpleriň ugrunda janyny gurban edip, olary azat etmek üçin geldi» diýdi.


Bu biwepa, günäkär nesliň arasynda kim Menden we Meniň sözlerimden utansa, Ynsan Ogly-da Atasynyň şöhratynda mukaddes perişdeleri bilen gelen mahaly ondan utanar».


Isa sözüni dowam edip: «Size dogrusyny aýdýaryn, indi siz gökleriň açylyp, Hudaýyň perişdeleriniň Ynsan Oglunyň huzuryna inip-çykyşyny görersiňiz» diýdi.


Mähelle Oňa garşy bolup: «Töwratda aýdylyşyna görä, Mesih ebedi galmalydyr. Onsoň nädip Sen: „Ynsan Ogly ýokary göterilmelidir“ diýýärsiň? Ol Ynsan Ogly diýýäniň kim?» diýip sorady.


Musanyň çölde ýylany ýokary göterişi ýaly, Ynsan Ogly-da ýokary göterilmelidir.


Onuň Ynsan Ogludygy sebäpli, Oňa kazylyk etmek ygtyýaryny-da berdi.


Hudaýyň nasyraly Isany Mukaddes Ruh we güýç-gudrat bilen dolduryp, Ony saýlap-seçendigini bilýänsiňiz. Isa çar tarapa aýlanyp, köp ýagşy işler etdi, iblisiň hökmürowanlygyndan ejir çekýänleriň baryna şypa berdi, sebäbi Hudaý Onuň bilendi.


Stefan: «Serediň, men gökleriň açylanyny we Hudaýyň sagynda duran Ynsan Ogluny görýärin» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ