Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 16:1 - Mukaddes Kitap

1 Fariseýler bilen saddukeýler Isanyň ýanyna geldiler. Olar Isany synamak üçin, Onuň özlerine gökden bir gudratly alamat görkezmegini islediler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Фарисейлер билен саддукейлер Исаның янына гелдилер. Олар Исаны сынамак үчин, Онуң өзлерине гөкден бир гудратлы аламат гөркезмегини иследилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 16:1
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Akylsyza akmaklygyna görä jogap ber, ýogsa özüni akylly saýar.


Fariseýler daşary çykyp, Isany nädip ýok etmelidigi barada maslahatlaşdylar.


Onsoň käbir fariseýler bilen Töwrat mugallymlary Iýerusalimden Isanyň ýanyna gelip, Ondan:


Isa olara: «Hüşgär boluň, özüňizi fariseýler bilen saddukeýleriň hamyrmaýasyndan goraň» diýdi.


Isanyň ýanyna gelen käbir fariseýler Ony synap görmek üçin: «Bir adamyň her hili bahana arap, öz aýalyndan aýrylyşmagy kanuna dogry gelýärmi?» diýip soradylar.


Soňra fariseýler gidip, Ony gepde tutmak barada maslahat etdiler.


Isa olaryň niýetleriniň ýamandygyny bilip: «Meni näme üçin synaýarsyňyz, eý, ikiýüzlüler?


Ölümden soň direlişiň ýokdugyny aýdýan saddukeýler Isanyň ýanyna gelip, Oňa şeýle sorag berdiler:


«Töwrat mugallymlary bilen fariseýler Musanyň ornunda otyrlar.


Ertesi, ýagny Taýýarlyk gününiň ertesi ýolbaşçy ruhanylar bilen fariseýler Pilatyň ýanyna ýygnanyşyp:


Men size şuny aýdýaryn: dogrulygyňyz Töwrat mugallymlaryňky bilen fariseýleriňkiden artyk bolmasa, Gögüň Şalygyna asla girmersiňiz.


Fariseýler muny görüp, Onuň şägirtlerinden: «Näme üçin siziň Mugallymyňyz salgytçylardyr günäkärler bilen bile nahar iýýär?» diýip soradylar.


Birnäçe fariseý gelip, Ony synamak üçin: «Bir adamyň aýaly bilen aýrylyşmagy kanuna dogry gelýärmi?» diýip sorady.


Isa olaryň ikiýüzlüdigini bilip: «Meni näme üçin synaýarsyňyz? Maňa kümüş teňňäni beriň, göreýin» diýdi.


Ölümden soň direlişiň ýokdugyny aýdýan saddukeýler Isanyň ýanyna gelip, Oňa şeýle sorag berdiler:


Bir dindar Isany synamak üçin, ýerinden turup: «Mugallym! Baky ýaşaýşy miras almak üçin men näme etmeli?» diýip sorady.


Beýlekiler hem Ony synamakçy bolup, gökden bir gudratly alamat görkezmegini talap etdiler.


Ölümden soň direlişiň ýokdugyny aýdýan saddukeýleriň käbiri Isanyň ýanyna gelip, Oňa şeýle sorag berdi:


Olar muny Isany synamak üçin sorapdylar, sebäbi Ony aýyplamak üçin tutaryk agtarýardylar. Isa aşak oturyp, barmagy bilen ýere bir zatlar ýazmaga başlady.


Petrus bilen Ýohanna halka gürrüň berip durkalar, birnäçe ruhanylar, ybadathana goragçylarynyň baştutany we saddukeýler olara garşy çykdylar.


Şeýlelikde, baş ruhany we onuň ýanyndaky saddukeýleriň ählisi göriplikden ýaňa aýaga galdylar.


Ýahudylar gudratly alamatlary talap edýärler. Grekler paýhasy agtarýarlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ