Reb şeýle diýýär: «Bu halk Maňa ýakynlaşyp, dili, dodaklary bilen Meni hormatlaýar, ýöne ýürekleri Menden uzakdadyr. Ynsan buýruklaryna görä Maňa ybadat edýärler olar.
Halk üýşüp, seniň ýanyňa gelýär. Meniň halkym huzuryňda oturýar, sözleriňi diňleýär, emma ony berjaý etmeýär; olaryň dillerinde söýgi aýdymy bolsa-da, ýürekleri haram gazançlarynyň yzyna eýerýär.
Isa olara: «Işaýa pygamber siz ikiýüzlüler hakda jaýdar pygamberlik edipdir! Onda şeýle ýazylan: „Bu halk Meni dilinde hormatlaýar, emma ýürekleri Menden uzakdadyr.