Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 15:32 - Mukaddes Kitap

32 Isa şägirtlerini ýanyna çagyryp: «Bu mähellä haýpym gelýär! Bular üç gün bäri Meniň ýanymda, iýmäge hem hiç zatlary ýok. Olary öýlerine aç goýberesim gelenok, ýolda tapdan düşmekleri ahmal» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

32 Иса шәгиртлерини янына чагырып: «Бу мәхеллә хайпым гелйәр! Булар үч гүн бәри Мениң янымда, иймәге хем хич затлары ёк. Олары өйлерине ач гойбересим геленок, ёлда тапдан дүшмеклери ахмал» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 15:32
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bagalşalyşadan bir adam geldi. Ol Hudaýyň adamy üçin hasylynyň ilkinji ýetişen miwesinden oňa azyk getirdi. Ol Elýaşa öz haltasynda ýigrimi sany arpa çöregi bilen täze bugdaý sümmüllerini getirip berdi. Elýaşa: «Bulary halka ber, goý, adamlar iýsinler» diýdi.


Ýunusyň üç gije-gündiz balygyň garnynda galyşy ýaly, Ynsan Ogly-da üç gije-gündiz ýeriň bagrynda galar.


Isa muny eşidip, ýeke Özi gaýyga mündi-de, ol ýerden bir çola ýere çekildi. Halk muny bilende, şäherlerden çykyp, paý-pyýada Onuň yzyndan gitdi.


Şägirtleri Oňa: «Beýle uly mähelläni doýrar ýaly, bu çola ýerde biz çöregi nireden alaly?» diýdiler.


Isanyň olara haýpy gelip, gözlerine elini degirdi welin, şobada olaryň gözleri açyldy. Olar hem Isanyň yzyna düşüp gidiberdiler.


«Jenap, ol ýalançynyň entek dirikä: „Men üç günden soň direlerin“ diýeni biziň ýadymyzda.


Isa uly mähelläni görüp, olara haýpy geldi, sebäbi olar çopansyz goýunlar ýaly dagynyk we tapdan düşendiler.


Arwah-jyn ony heläklejek bolup, telim gezek oda, suwa atdy. Gaýrat et-de, başardygyňdan kömek et, bize haýpyň gelsin!» diýdi.


Reb Isa bu aýaly görüp, oňa ýüregi awady. Ol aýala: «Aglama!» diýdi.


Daň atyp barýarka, Pawlus hemmäni nahar iýmäge çagyrdy. Ol: «Siziň gaýgy-alada batyp, hiç zat iýmäniňize bu gün on dört gün boldy.


Baş Ruhanymyz asla günä etmedik hem bolsa, edil biz ýaly ähli tarapdan synaglara salnypdy. Şonuň üçin hem Ol biziň ejizliklerimize düşünýär.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ