Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 15:31 - Mukaddes Kitap

31 Halk lallaryň gepleýändigini, maýyplaryň sagalandygyny, körleriň görýändigini, agsaklaryň ylgaýandygyny görüp haýran galdy. Olar Ysraýyl Hudaýyny şöhratlandyrdylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

31 Халк лалларың геплейәндигини, майыпларың сагаландыгыны, көрлериң гөрйәндигини, агсакларың ылгаяндыгыны гөрүп хайран галды. Олар Ысрайыл Худайыны шөхратландырдылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 15:31
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol adam Ýakuba: «Indi seniň adyň Ýakup däl-de, Ysraýyl bolar, çünki sen Hudaý hem adamlar bilen göreş tutuşyp, olardan üstün çykdyň» diýdi.


Soňra Ýakup bu ýerde gurbanlyk sypasyny ýasap, ony El-Elohe-Ysraýyl diýip atlandyrdy.


Şonda Seniň ýollaryňy bitabynlara öwrederin men, günäkärler hem Saňa öwrüler.


Olar Ysraýylyň Hudaýyny gördüler. Onuň aýaklarynyň astyndaky meýdança edil ýakut daşyndan edilen ýalydy we asman ýaly dup-durudy.


Onuň ýanyna bir uly mähelle geldi, olaryň arasynda agsaklar, maýyplar, körler, lallar we ýene-de bir topar hassalar bardy. Olary getirip, Isanyň aýagynyň astynda goýdular. Ol hem bulary sagaltdy.


Eliň ýa aýagyň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony kesip taşla. Seniň iki elli, iki aýakly bolup, ebedi oda taşlananyňdan, bir elli, bir aýakly bolup, baky ýaşaýşa gowşanyň gowudyr.


Ybadathanada körler, agsaklar Isanyň ýanyna geldiler. Isa olary sagaltdy.


Isa bu sözleri eşidip haýran galdy. Ol yzyna düşüp gelýänlere: «Size dogrusyny aýdýaryn, Men hatda Ysraýylda hem şeýle imany bar adamy tapmadym.


Olar gidenden soňra Isanyň ýanyna arwah-jyn eýelän bir lal adamy getirdiler.


Arwah-jyn kowlandan soň, lal adam geplemäge başlady. Halk muňa haýran galyp: «Ysraýylda hiç haçan beýle zat görlen däldir» diýişdi.


Muny gören mähelläni gorky gaplap aldy. Olar ynsanlara şeýle ygtyýary beren Hudaýy şöhratlandyrdylar.


Ol hem ýerinden turdy-da, dessine düşegini alyp, hemmeleriň gözüniň alnynda çykyp gitdi. Hemmeler haýran galdy. Olar: «Biz beýle zady asla görmändik» diýşip, Hudaýy şöhratlandyrdylar.


Halk çakdanaşa geňirgenişip: «Ol ähli zadyň hötdesinden gelýär, hatda kerleriň gulagyny, lallaryň dilini açýar» diýişýärdi.


Eliň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony kes. Golak bolup baky ýaşaýşa gowuşmak, iki elli bolup dowzaha, sönmez oda zyňylmakdan gowudyr.


Meýlis guranyňda garyplary, maýyplary, agsaklary, körleri çagyr.


Hyzmatkär gelip, bulary öz jenabyna habar berýär. Onsoň öý eýesi gaharlanyp, hyzmatkärine: „Dessine şäheriň köçelerine, ýol-ýodalaryna git-de, garyplary, maýyplary, körleri, agsaklary şu ýere getir“ diýýär.


Şobada bu adamyň gözleri açyldy we ol hem Hudaýy şöhratlandyryp, Isanyň yzyna düşüp gidiberdi. Muny gören ähli halk Hudaýy alkyşlady.


Hemmeleri gorky basdy. Olar: «Aramyzda beýik bir pygamber peýda boldy!», «Hudaý Öz halkyna nazar saldy» diýip, Hudaýy şöhratlandyrdylar.


Şeýlelik bilen, fariseýler ozalky köri ikinji gezek çagyryp, oňa: «Hudaýyň haky üçin hakykaty aýt. Biz ol Adamyň günäkärdigini bilýäris» diýdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ