Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 15:28 - Mukaddes Kitap

28 Şonda Isa oňa: «Eý, zenan, seniň imanyň beýik! Saňa isleýşiň ýaly bolsun!» diýdi. Ol aýalyň gyzy şol sagadyň özünde sagaldy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

28 Шонда Иса оңа: «Эй, зенан, сениң иманың бейик! Саңа ислейшиң ялы болсун!» дийди. Ол аялың гызы шол сагадың өзүнде сагалды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 15:28
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol meni öldürer, mende umyt ýok. Ýollarymyň dogrudygyny Oňa subut ederin.


Emma Ol meniň ýöreýän ýolumy bilýär, meni synaga salanda, altyn deý päk çykaryn.


Ol birine hasrat çekdirse-de, bol merhemetine görä rehim-de eder.


Isa şobada elini uzadyp, ony tutdy-da: «Eý, az imanly, näme üçin şübhelendiň?» diýdi.


Aýal hem: «Hawa, Agam! Ýöne itler hem saçak başynda dökülen çörek owuntyklaryndan iýýändir» diýdi.


Isa bu sözleri eşidip haýran galdy. Ol yzyna düşüp gelýänlere: «Size dogrusyny aýdýaryn, Men hatda Ysraýylda hem şeýle imany bar adamy tapmadym.


Isa ýüzbaşa: «Bar, gidiber, goý, saňa imanyňa görä bolsun!» diýdi. Onuň hyzmatkäri şol sagadyň özünde sagaldy.


Isa öwrülip, ony gördi-de: «Eý, naçar, dogumly bol, imanyň saňa şypa berdi» diýdi. Aýal şol pursadyň özünde sagaldy.


Isa oňa: «Eý, naçar, imanyň saňa şypa berdi. Sag-aman git, derdiňden saplan» diýdi.


Resullar Reb Isa: «Biziň imanymyzy artdyr!» diýdiler.


Isa bolsa aýala: «Seni imanyň halas etdi, arkaýyn gidiber» diýdi.


Isa bu sözleri eşidip, ýüzbaşa haýran galdy. Ol yzyna düşüp gelýän mähellä tarap öwrülip: «Size şuny aýdaýyn: Men hatda Ysraýylda-da şeýle beýik imany görmedim» diýdi.


Eý, doganlar! Siziň imanyňyz gitdigisaýy ösýär, biri-biriňize bolan söýgiňiz dolup-daşýar. Şoňa görä-de, biz elmydama Hudaýa şükürler etmelidiris. Bu örän ýerliklidir.


Şonuň üçin hem Ysraýyl Hudaýy Reb şuny aýdýar: „Seniň öz nesliň-de, ata-babaňyň nesli-de hemişelik Meniň huzurymda gezer diýip, Men öň söz beripdim. Emma indi Men-Reb muny aýdýandyryn: gaýtmyşym bolsun, çünki Men Özümi sylany sylaryn, äsgermezlik edeni bolsa ryswa ederin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ