Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 15:14 - Mukaddes Kitap

14 Olara zat diýmäň, olar körleri idýän körlerdir. Kör-köri ideklese, olaryň ikisi hem çukura gaçar» diýip jogap berdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Олара зат диймәң, олар көрлери идйән көрлердир. Көр-көри идеклесе, оларың икиси хем чукура гачар» дийип җогап берди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 15:14
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Müsürliler Hudaý däl, ynsandyr, ruh däldir, tendir atlary; Reb elini uzadanda, kömekçi-de, kömek alan-da ýykylar, ählisi birlikde heläk bolar.


Bendämden başga kim kör? Kim ýollan habarçym dek ker? Kim Maňa bagyş edilen dek kör? Ýa Rebbiň bendesi kimin kör?


Ysraýylyň sakçylary kör, hiç zady bilmeýärler; ählisi üýrüp bilmeýän lal itlerdir; olar ýatyp, düýş görýärler, uklamagy gowy görýärler.


Ýol görkezýänler bu halky azaşdyrýarlar, olara eýerenler bolsa betbagtçylyga uçraýarlar.


pygamberler galp pygamberlik edýärler, ruhanylar olaryň görkezmesi bilen dolandyrýarlar. Meniň halkym bolsa muny söýýär. Emma bu zatlaryň soňy gelende näme edersiňiz?»


Olar özlerini bihaýa alyp baryp, nejis işler etdiler, emma muňa utanmadylar. Utanyp gyzarmagyň nämedigini bilmediler. Şonuň üçin olar-da heläk bolup, ýykylanlaryň arasyna ýykylarlar, jezalandyranymda, ýer bilen ýegsan bolarlar». Muny Reb aýdýandyr.


Nejis işleri edenlerinde utandylarmy? Ýok, asla utanmadylar. Ýüz gyzarmanyň nämedigini hem bilmediler. Şonuň üçin hem olar-da heläk bolup, ýykylanlaryň arasyna ýykylarlar, jezalandyranymda ýer bilen ýegsan bolarlar. Muny Reb aýdýandyr.


Emma siz ýoldan çykdyňyz we öwüt-ündewleriňiz bilen köp adamlaryň büdremegine sebäp bolduňyz. Siz Lewiniň ähtini bozduňyz. Muny aýdýan Hökmürowan Rebdir.


Isa olara bir tymsal hem aýdyp berdi: «Kör köri idip bilermi? Ikisi hem çukura gaçmazmy?!


Isa oňa: «Men bu dünýä görmeýänler görsün, görýänler kör bolsun diýip, höküm çykarmaga geldim» diýdi.


Bular zerarly pikirleri zaýalanan adamlaryň arasynda agzalalyklar ýüze çykýar. Olar hakykaty ýoýup, Hudaýyň ýörelgesi gazanç ýoludyr öýdýärler.


Öňler halk arasynda galp pygamberleriň bolşy ýaly, siziň araňyzda-da galp mugallymlar peýda bolar. Olar heläkleýji we ýalan taglymatlar getirmek bilen, özlerini ýesirlikden boşadan Rebbi-de inkär ederler. Şeýdip, öz başlaryndan duýdansyz bela-beter indererler.


Bu adamlar bolsa gurap galan çeşmedir, güýçli ýeliň kowýan ümrüdir; dowzahda garaňky tümlük şolar üçin saklanýandyr.


Emma jandar we onuň bilen bile galp pygamber ýesir alyndy. Bu galp pygamber jandaryň adyndan alamatlar görkezerdi, jandaryň tagmasyny özüne basdyryp, onuň heýkeline sežde edenleri aldardy. Jandar-da, galp pygamber-de diriligine ýanyp duran kükürtli köle zyňyldy.


Emma «itler», ýagny jadygöýler, zynahorlar, ganhorlar, butparazlar, ýalany söýüp, ony amal edýänler – bularyň bary şäheriň daşynda galar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ