Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 15:10 - Mukaddes Kitap

10 Isa mähelläni ýanyna çagyryp, olara: «Diňläň, düşüniň!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Иса мәхелләни янына чагырып, олара: «Диңләң, дүшүниң!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 15:10
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Mikaýa: «Eger sen söweşden sag-salamat dolanyp gelseň, onda Reb men arkaly geplän däldir» diýdi. Soňra ol: «Eý, jemagat, muny hemmäňiz eşidiň» diýdi.


Gulak asyň, Maňa geliň, diňläň, ýaşarsyňyz, siz bilen baky äht edişerin, Dawuda wada beren sadyk söýgimi bererin.


Ol şeýle diýdi: «Bar-da bu halka: „Eşidip dursaňyz-da, hiç düşünmeýärsiňiz, seredip dursaňyz-da, hiç aňlamaýarsyňyz“ diý.


kim Hudaýyň Şalygy hakyndaky sözi eşidip, oňa düşünmese, şeýtan gelip, onuň ýüreginde ekileni sogrup alýar. Ýoluň gyrasynda ekilen budur.


Agza giren zat adamy murdar edýän däldir, adamy agyzdan çykýan zat murdar edýändir» diýdi.


Biderek ýere Maňa sežde edýärler, taglymat diýip öwredýänleri ynsan buýruklarydyr“».


Şonuň üçin hem weýrançylyk getirýän ýigrenji zadyň mukaddes ýerde dikilenini göreniňizde, Ýahudyýadakylar daglara gaçsyn. Hawa, Danyýel pygamberiň aýdanlaryna okyjy dogry düşünsin.


Onsoň Mukaddes Ýazgylara düşünmekleri üçin, olaryň aňlaryny açdy.


Men Hudaý – Rebbimiz Isa Mesihiň beýik Atasyna siziň üçin dileg edýärin. Goý, Ol size Ony has oňat tanap bilmegiňiz üçin, size Mukaddes Ruhuň akyldarlygyny hem ylhamyny bersin.


Muny eşiden günümizden bäri, biz hem siziň üçin doga-dileglerimiziň yzyny üzemzok. Hudaýyň islegini doly bilmegiňiz üçin, Onuň sizi ähli ruhy akyldarlyk we düşünje bilen doldurmagyny dileýäris.


Eger kimde danalyk kemlik edýän bolsa, goý, ol Hudaýdan dilesin. Hemmelere biminnet we jomartlyk bilen berýän Hudaý oňa hem berer.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ