Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 14:6 - Mukaddes Kitap

6 Hirodyň doglan güni Hirodiýanyň gyzy ortada tans edip, Hirodyň göwnüni çaglady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Хиродың доглан гүни Хиродияның гызы ортада танс эдип, Хиродың гөвнүни чаглады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 14:6
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Üç günden soň faraon öz doglan güni mynasybetli emeldarlary üçin meýlis gurady we baş saky bilen baş nan bişirijini-de zyndandan çykardyp, öz emeldarlarynyň öňünde duruzdy.


Soňra patyşa Esteriň hatyrasyna özüniň ähli begleri hem-de köşk emeldarlary üçin meýlis gurady. Ol ähli welaýatlara dynçlyk berdi, hemmelere sahylyk bilen sowgat-serpaýlar etdi.


Hirod dogany Filipiň aýaly Hirodiýa üçin Ýahýany tutduryp, el-aýagyny gandallap, zyndana taşladypdy.


Şonda Hirod gyza ant içip, dilän zadyny berjekdigine söz berdi.


«Mugallym! Musa bize bir adam perzentsiz ölüp gitse, dogany onuň dul aýalyny alyp, ölen doganynyň neslini dowam etdirmelidir diýip aýdypdyr.


Bolup geçýän zatlary Hirod patyşa-da eşitdi, sebäbi Isanyň at-owazasy il arasyna ýaýrapdy. Käbir adamlar: «Ýahýa çümdüriji ölümden direlipdir. Ol şol sebäpli bu mugjyzalary görkezip bilýär» diýýärdiler.


Hirod dogany Filipiň aýaly Hirodiýa öýlenipdi. Ýahýa bolsa Hiroda: «Seniň öz doganyňyň aýalyna öýlenmegiň dogry däl» diýipdi. Şonuň üçin Hirod adam iberip, Ýahýany tutdurypdy, onuň el-aýagyny gandallap, zyndana saldyrypdy.


Şeýlelikde, Hirodiýa Ýahýa garşy ýüreginde kine saklap, ony öldürmek isleýärdi, ýöne bu elinden gelmeýärdi.


Isa olara: «Hüşgär boluň! Fariseýler bilen Hirodyň hamyrmaýasyndan ägä boluň» diýip, duýduryş berdi.


Şol wagt käbir fariseýler gelip, Isa: «Bu ýerden çykyp, başga ýere git. Hirod Seni öldürmek isleýär» diýdiler.


Soňra Hirod bilen onuň esgerleri Isany kemsidip masgaraladylar. Egnine bir nepis don geýdirip, Pilatyň ýanyna yzyna iberdiler.


Isanyň Hirodyň welaýatyndandygyny bilensoň, Pilat Ony Hirodyň ýanyna iberdi, sebäbi şol wagt Hirodyň özi hem Iýerusalimdedi.


Rim imperatory Tibereýiň hökümdarlygynyň on bäşinji ýylynda, Pontiý Pilat Ýahudyýanyň häkimi döwründe Hirod – Jeliläni, onuň dogany Filip – Itureýa bilen Trahonitis welaýatyny, Lisaniýas-da Abilini dolandyrýardy.


Emma baş häkim Hirod öz doganynyň aýaly Hirodiýa öýleneni üçin we başga-da köp erbet işleri edeni üçin, Ýahýanyň käýinjine sezewar boldy.


Şol wagtlar Hirod patyşa ýygnagyň käbir agzalaryny yzarlap, olara sütem etmäge başlady.


Hakykatdan-da, keseki milletler we ysraýyl halky bilen birlikde Hirod we Pontiý Pilat bu şäherde Öz saýlap-seçen mukaddes guluň Isa garşy aýaga galdylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ