Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 14:3 - Mukaddes Kitap

3 Hirod dogany Filipiň aýaly Hirodiýa üçin Ýahýany tutduryp, el-aýagyny gandallap, zyndana taşladypdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Хирод доганы Филипиң аялы Хиродия үчин Яхяны тутдурып, эл-аягыны гандаллап, зындана ташладыпды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 14:3
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýahýa hem tussaglykdaka, Mesihiň eden işleri barada eşidip, Onuň ýanyna şägirtlerini iberdi:


Hirodyň doglan güni Hirodiýanyň gyzy ortada tans edip, Hirodyň göwnüni çaglady.


Isa Ýahýanyň tussag edilendigini eşidende, Jelilä dolandy.


Bolup geçýän zatlary Hirod patyşa-da eşitdi, sebäbi Isanyň at-owazasy il arasyna ýaýrapdy. Käbir adamlar: «Ýahýa çümdüriji ölümden direlipdir. Ol şol sebäpli bu mugjyzalary görkezip bilýär» diýýärdiler.


Hirod dogany Filipiň aýaly Hirodiýa öýlenipdi. Ýahýa bolsa Hiroda: «Seniň öz doganyňyň aýalyna öýlenmegiň dogry däl» diýipdi. Şonuň üçin Hirod adam iberip, Ýahýany tutdurypdy, onuň el-aýagyny gandallap, zyndana saldyrypdy.


Şeýlelikde, Hirodiýa Ýahýa garşy ýüreginde kine saklap, ony öldürmek isleýärdi, ýöne bu elinden gelmeýärdi.


Hirodiýanyň gyzy içeri girip, tans edip, Hirodyň we onuň myhmanlarynyň göwnüni çaglady. Patyşa gyza: «Islän zadyňy dile, saňa bereýin» diýdi.


Isa olara: «Hüşgär boluň! Fariseýler bilen Hirodyň hamyrmaýasyndan ägä boluň» diýip, duýduryş berdi.


Şol wagt birnäçe adam gelip, Pilatyň jelilelilere edenleri barada Isa habar berdiler. Pilat olaryň käbirini öldürip, olaryň ganlaryny kesip duran gurbanlyklaryna goşupdy.


Şol wagt käbir fariseýler gelip, Isa: «Bu ýerden çykyp, başga ýere git. Hirod Seni öldürmek isleýär» diýdiler.


Soňra Hirod bilen onuň esgerleri Isany kemsidip masgaraladylar. Egnine bir nepis don geýdirip, Pilatyň ýanyna yzyna iberdiler.


Isanyň Hirodyň welaýatyndandygyny bilensoň, Pilat Ony Hirodyň ýanyna iberdi, sebäbi şol wagt Hirodyň özi hem Iýerusalimdedi.


Rim imperatory Tibereýiň hökümdarlygynyň on bäşinji ýylynda, Pontiý Pilat Ýahudyýanyň häkimi döwründe Hirod – Jeliläni, onuň dogany Filip – Itureýa bilen Trahonitis welaýatyny, Lisaniýas-da Abilini dolandyrýardy.


Şol wagtlar Hirod patyşa ýygnagyň käbir agzalaryny yzarlap, olara sütem etmäge başlady.


Hakykatdan-da, keseki milletler we ysraýyl halky bilen birlikde Hirod we Pontiý Pilat bu şäherde Öz saýlap-seçen mukaddes guluň Isa garşy aýaga galdylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ