25 Daňdana golaý Isa kölde suwuň ýüzünden ýöräp, olara tarap geldi.
25 Даңдана голай Иса көлде сувуң йүзүнден йөрәп, олара тарап гелди.
Onuň ýeke Özi gögi ýaratdy, Ol deňiz tolkunlarynyň üstünde gezýär.
Rebbiň mukaddes ady bilen magtanyň; Ony agtarýanlaryň ýüregi şatlykdan dolsun.
Emma şuny bilip goýuň: öý eýesi ogrynyň gije sagat näçede geljegini bilsedi, oýa bolardy, öýüni talatmazdy.
Şonuň üçin oýa boluň, sebäbi siz öý eýesiniň agşammy, ýary gijemi, horaz gygyrandamy, gün dogandamy – haçan geljegini bilmeýärsiňiz.
Isa olaryň gaýygy kynlyk bilen kürekläp barýandyklaryny gördi, sebäbi ýel olaryň garşysyndan öwüsýärdi. Daňdana golaý Isa kölde suwuň ýüzünden ýöräp, olara tarap geldi we ýanlaryndan geçip gitjek boldy.
Hojaýyn isle ýarygije, isle daňdan gelsin, onuň gelende, oýa görjek hyzmatkärleri neneňsi bagtlydyr!
Olar gaýykly bäş-alty çakrym ýüzenlerinden soň, Isanyň suwuň ýüzünden ýöräp, gaýyga ýakynlaşyp gelýänini görüp gorkdular.
Elinde açyk kitapça bardy. Ol sag aýagyny deňze, çep aýagyny bolsa ýeriň üstünde goýdy-da,
Deňziň we ýeriň ýüzünde duranyny gören perişdäm sag elini göge galdyrdy.
Soňra gökden eşiden sesim ýene-de meniň bilen gepleşip, maňa: «Bar, deňziň we ýeriň ýüzünde duran perişdäniň elindäki açyk kitapçany al!» diýdi.