Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 14:19 - Mukaddes Kitap

19 Şonda Isa halka otuň üstünde oturmagy buýurdy. Ol bäş çörek bilen iki balygy alyp, gözlerini göge dikip, şükür etdi we çörekleri bölüşdirip, şägirtlerine berdi. Şägirtleri hem olary mähellä paýladylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Шонда Иса халка отуң үстүнде отурмагы буюрды. Ол бәш чөрек билен ики балыгы алып, гөзлерини гөге дикип, шүкүр этди ве чөреклери бөлүшдирип, шәгиртлерине берди. Шәгиртлери хем олары мәхеллә пайладылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 14:19
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Isa: «Olary şu ýere – Meniň ýanyma getiriň» diýdi.


Şonda olara hemme adamlary topar-topar edip, otuň üstünde oturtmagy buýurdy.


Isa bäş çörek bilen iki balygy alyp, gözlerini göge dikip şükür etdi we çörekleri bölüşdirip, halka paýlar ýaly, şägirtlerine berdi. Iki balygy-da olaryň hemmesine paýlady.


Onsoň göge bakyp, uludan demini aldy-da: «Effata!», ýagny «Açyl» diýdi.


Isa eline bir käse alyp şükür etdi-de: «Muny alyň-da, içiň.


Onsoň çöregi aldy-da, şükür etdi, ony döwüp, şägirtlere berip: «Bu Meniň siziň üçin gurban edilýän bedenimdir, muny Meni ýada salmak üçin berjaý ediň» diýdi.


Isa olar bilen saçak başynda otyrka, çörek alyp, şükür etdi-de, bölüp olara berdi.


Ol ýerde bäş müňe golaý erkekler bardy. Emma Isa şägirtlerine: «Olary elli-elliden topar-topar edip oturdyň» diýip tabşyrdy.


Isa bolsa bäş çörek bilen iki balygy alyp, gözlerini göge dikip şükür etdi. Soňra bulary halka paýlar ýaly bölüşdirip şägirtlerine berdi.


Şeýlelikde, daşy aýyrdylar. Isa gözüni göge dikip: «Eý, Ata, Meni eşideniň üçin Saňa şükür edýärin.


Şol wagt Tiberiýadan başga gaýyklar geldi. Gaýyklaryň saklanan ýeri Reb Isanyň Hudaýa şükür aýdan we halkyň çörek iýen ýerine golaýdy.


Pawlus bu sözleri aýdyp, eline çörek aldy, hemmäniň öňünde Hudaýa şükür etdi-de, bölüp iýmäge başlady.


Kim haýsydyr bir güni wajyp saýýan bolsa, muny Reb üçin saýýandyr. Kim hemme zady iýýän bolsa, Reb üçin iýýändir, sebäbi ol iýýän zatlary üçin Hudaýa şükür edýändir. Kim käbir zatlary iýmeýän bolsa, Rebbiň hatyrasy üçin iýmän, Hudaýa şükür edýändir.


Eýsem biz şükür edip, şükür käsesinden içenimizde, Mesihiň ganyna şärik bolmaýarysmy? Çöregi bölüp iýenimizde, Mesihiň bedenine şärik bolmaýarysmy?


Şunlukda, iýseňiz-de, içseňiz-de, her näme etseňiz-de – bularyň baryny Hudaýyň şöhraty üçin ediň.


şükür etdi. Soňra çöregi bölüp: «Bu siz üçin berilýän bedenimdir. Muny Meni ýatlamak üçin berjaý ediň» diýdi.


Näme etseňiz hem, aýtsaňyz hem, hemmesini Rebbimiz Isanyň ady bilen ýerine ýetiriň, Ol arkaly Ata Hudaýa şükür ediň.


Nahar iýmek üçin, seždegähe çykmanka, edil gala giren ýeriňizde siz ony tapyp bilersiňiz. Çünki ol baryp, tä gurbanlyga pata berýänçä, adamlar nahar iýmezler. Ol barandan soň, çagyrylanlar nahary öňlerine alarlar. Indi haýal etmän ýokary çyksaňyz, siz ony taparsyňyz».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ