16 Isa olara: «Gitmegiň geregi ýok, olara iýmäge zady siz beriň» diýdi.
16 Иса олара: «Гитмегиң гереги ёк, олара иймәге зады сиз бериң» дийди.
Biri bar paýlaýandyr, baýlygy bolsa artýar. Biri bar – gaty gysyk, diňe mätäçlige gowuşýar.
Emlägiňi ýedi, hatda sekiz kişä paýla, çünki sen bu dünýäde nähili betbagtçylygyň boljakdygyny bilýän dälsiň.
Şägirtleri agşam Onuň ýanyna gelip: «Bu bir çola ýer, wagt hem gijikdi, halky goýber, obalara gidip, özlerine iýmit satyn alsynlar» diýdiler.
Şägirtler hem Isa: «Biziň bu ýerde bäş çörek bilen iki balykdan başga zadymyz ýok ahyryn» diýdiler.
Ol: «Iki köýnekli birini köýneksize bersin. Iýmiti bolan hem şonuň ýaly etsin» diýip jogap berdi.
Pul torba Ýudasda bolansoň, käbirleri Isa oňa: «Baýram üçin bize gerek zatlary satyn al» ýa-da «Garyplara biraz pul paýla» diýýändir öýtdüler.