Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 13:55 - Mukaddes Kitap

55 Ol agaç ussanyň ogly dälmi? Ejesiniň ady hem Merýem dälmi näme? Ol Ýakup, Ýusup, Simun we Ýahuda dagyň dogany ahyryn!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

55 Ол агач уссаның оглы дәлми? Эҗесиниң ады хем Меръем дәлми нәме? Ол Якуп, Юсуп, Симун ве Яхуда дагың доганы ахырын!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 13:55
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bilýärin, ýagşylyk we sadyk söýgi ömürboýy hemra bolarlar maňa; ömürbaky ýaşaryn Rebbiň öýünde.


Ynsanyň kemsidýänine, halkyň ýigrenýänine, hökümdarlaryň guluna Ysraýylyň Penakäri, onuň Mukaddesi Reb şeýle diýýär: «Patyşalar seni görüp, aýaga galarlar, hökümdarlar iki bükülip tagzym ederler, Ysraýylyň Mukaddesi, seni saýlan Reb sadykdyr».


Olaryň arasynda magdalaly Merýem, Ýakup bilen Ýosäniň ejesi Merýem bardy, şeýle-de Zebedeýiň ogullarynyň ejesi hem bardy.


Ol ýerde uzakdan seredişip duran aýallar hem bardy. Magdalaly Merýem, Ýose bilen kiçi Ýakubyň ejesi Merýem we Salome dagy hem olaryň arasyndady.


Magdalaly Merýem bilen Ýosäniň ejesi Merýem Isanyň nirede jaýlanandygyny gördüler.


Ol Merýemiň neçjar ogly dälmi? Ýogsa-da Ol Ýakup, Ýose, Ýahuda we Simun dagyň dogany dälmi näme? Onuň uýalary-da biziň aramyzda ýaşaýarlar ahyry!» diýşip, Isanyň bolşundan nägile boldular.


Dawudyň neslinden Ýusup atly adamyň adaglysy bolan bir boý gyzyň ýanyna iberdi. Ol gyzyň ady Merýemdi.


Resullara bu habary ýetirenler magdalaly Merýem, Ýowanna, Ýakubyň ejesi Merýem we olaryň ýanyndaky beýleki aýallardy.


Isa Öz hyzmatyna başlan wagty otuz ýaşlaryndady. Ol Ýusubyň ogly hasaplanýardy. Ýusup Eliýiň ogly,


Hemmeler Isany öwüp, Onuň agzyndan çykan ajaýyp sözlere haýran galyp: «Bu Ýusubyň ogly dälmi?» diýip soradylar.


Oňa: «Ejeň bilen doganlaryň Seni görmek üçin daşarda garaşyp durlar» diýip habar berdiler.


Isanyň haçynyň ýanynda Onuň ejesi, daýzasy, Klopasyň aýaly Merýem we magdalaly Merýem dagy durdy.


Olar: «Bu Ýusubyň ogly Isa dälmi? Biz Onuň ata-enesini tanaýarys. Ol nähili „Men gökden indim“ diýýär?» diýişdiler.


Biz Hudaýyň Musa bilen gepleşendigini bilýäris, bu Adamyň bolsa niredendigini-de bilmeýäris» diýdiler.


Şonda men ol ýerde Rebbimiz Isanyň inisi Ýakupdan başga resullaryň hiç birini görmedim.


Isa Mesihiň guly we Ýakubyň dogany bolan men Ýahudadan Hudaýyň halky bolmaga çagyrylanlara dogaýy salam! Bu haty Atamyz Hudaý tarapyndan söýlüp, Isa Mesih arkaly goralýan size ýazyp ýollaýaryn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ