Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 13:52 - Mukaddes Kitap

52 Isa olara: «Şonuň üçin hem Gögüň Şalygy hakynda taglymat alan her bir Töwrat mugallymy hazynasyndan täze we köne zatlar çykarýan öý eýesine meňzeýändir» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

52 Иса олара: «Шонуң үчин хем Гөгүң Шалыгы хакында таглымат алан хер бир Төврат мугаллымы хазынасындан тәзе ве көне затлар чыкарян өй эесине меңзейәндир» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 13:52
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ezra Rebbiň kanunyny öwrenip, ony berjaý etmegi, Ysraýylda onuň parzlaryny, hökümlerini öwretmegi ýüregine düwüpdi.


Men patyşa Artakserks, Ýewfrat derýasynyň aňyrsyndaky ähli hazynadarlara buýruk berýärin! Gögüň Hudaýynyň kanunyny ýazýan Ezra ruhana näme gerek bolsa, ony dessine berjaý ediň.


Dogrynyň miwesi ýaşaýyş daragtydyr, akyldar adam ynsanlary gazanýar.


Dananyň dili bilim ýaýradýar, akmagyň aňy beýle däldir.


Ynsanyň agzyndan çykýan sözler düýpsüz suwlar kimindir, danalyk bolsa joşup akýan bulak mysalydyr.


Ir säher üzüm baglaryna gideli, göreli, gunçalapmy, gülläpmi üzüm, hem-de nar. Şol ýerde yşkymy bagyş ederin saňa.


Ýagşy adam ýüreginiň ýagşylyk hazynasyndan ýagşylyk çykarýandyr, ýaman adam ýüreginiň ýamanlyk hazynasyndan ýamanlyk çykarýandyr.


Isa olara: «Bularyň hemmesine düşündiňizmi?» diýip sorady. Olar: «Hawa» diýip jogap berdiler.


Isa bu tymsaly gürrüň berip bolandan soň, ol ýerden gitdi.


Şonuň üçin hem Men size pygamberleri, akyldarlary we Töwrat mugallymlaryny ýollaýaryn. Siz olaryň käbirini öldürersiňiz, haça çüýlärsiňiz, käbirini sinagogalaryňyzda ýenjersiňiz, şäherden-şähere yzarlarsyňyz.


Şonuň üçin hem gidiň-de, ähli milletleri şägirt ediň, olary Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň adyndan suwa çümdüriň.


Şu sebäpden hem, Hudaýyň akyldarlygy şeýle diýipdir: „Men olara pygamberler, resullar ibererin, olaryň käbirini öldürerler, käbirini hem yzarlarlar“.


Size bir täze tabşyryk berýärin: biri-biriňizi söýüň. Meniň sizi söýşüm ýaly, siz-de biri-biriňizi söýüň.


ynjatsalar-da, elmydama şatdyrys; garyp bolsak-da, köpleri baýadýandyrys; hiç zadymyz bolmasa-da, ähli zada eýediris.


Hatymy okanyňyzda, Mesihiň bu syryna meniň näderejede düşünýändigimi aňarsyňyz.


Men Hudaýyň halkynyň arasynda iň ähmiýetsizidim, emma muňa garamazdan Mesihiň akyl ýetmez baýlygyny ýahudy dällere wagyz etmek jogapkärçiligini Hudaý maňa berdi.


Siz bu Hoş Habary söýgüli işdeşimiz Epafradan öwrendiňiz. Ol siziň ugruňyzda Mesihiň sadyk hyzmatkäridir.


Goý, Mesihiň sözi kalbyňyzyň töründe ornaşsyn. Bütin akyldarlyk bilen biri-biriňize tälim we öwüt-nesihat beriň. Mezmurlar, öwgi aýdymlar, ruhy nagmalar aýdyp, Hudaýa ýürekden minnetdarlyk bildiriň.


Ýygnagyň ýolbaşçysy ýaňy-ýakynda iman getireniň biri bolmaly däldir. Ýogsa ol tekepbirlige ýüz urup, iblisiň sezewar edilen jezasyna uçramagy ahmal.


Ol özüne öwredilen ygtybarly taglymata sadyklyk bilen eýermelidir. Başgalara hem bu taglymata laýyklykda öwüt-ündew berip, oňa garşy çykýanlaryň ýalňyşýandyklaryny subut etmeli.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ