Deňziň kenarynda balykçylar durarlar; tor taşlanan ýer Eýngediden Eýneglaýyma çenli bolar. Olaryň balyklary dürli-dürlülikde Ortaýer deňziniň balyklary kimin gaty köp bolar.
«Gögüň Şalygy ekin meýdanynda gizlenen hazyna meňzeýändir. Bir adam ony tapyp alýar, soňra ony gaýtadan gizleýär we begenip baryp, ähli zadyny satýar-da, ýaňky ekin meýdany satyn alýar.
Simunyň ýoldaşlary Ýakup bilen Ýohanna atly Zebedeýiň ogullary hem muňa haýran galdylar. Isa Simuna: «Gorkma, sen mundan beýläk balyk deregine ynsanlary tutarsyň» diýdi.
Men elmydama ýolda bolmak bilen, derýalarda howp-hatarlara uçradym; garakçylardan, öz ilimden, başga milletlerden ýaňa howp astynda gezdim. Şäherde, çölde, deňizde, dogansumaklaryň arasynda howp-hatarlara uçradym.
Sünnetlenme meselesi käbir dogansumaklar zerarly ýüze çykypdy. Olar bizi gul etmek üçin, aramyza ogrynça sümlüp, Isa Mesih arkaly alan azatlygymyzy gizlinlikde aňtadylar.
«Sardisdäki ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Hudaýa hyzmat edýän ýedi Ruhy Dolandyrýan, elinde ýedi ýyldyzy Saklaýan şeýle diýýär: „Men seniň ähli edenleriňi bilýärin. Sen diri hasaplansaň-da, ölüsiň.