Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 13:39 - Mukaddes Kitap

39 Haşal otlary eken duşman – şeýtandyr. Orak döwri – dünýäniň ahyrydyr, orakçylar bolsa perişdelerdir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

39 Хашал отлары экен душман – шейтандыр. Орак дөври – дүнйәниң ахырыдыр, оракчылар болса перишделердир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 13:39
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Öňünden bir otly çeşme çogup akýardy. Müňlerçe müňler Oňa hyzmat edýärdi. On müňlerçe on müňler huzurynda dik durýardy. Kazyýet mejlisi höküme başlady, kitaplar açyldy.


Oraklaryňyzy işlediň, çünki hasyl ýetişdi; üzüm sykylýan ýeri doly, Çelekler dolup daşýança basgylaň. Çünki hetden aşdy pislikleri milletleň».


Kim Ynsan Ogluna garşy söz aýtsa, bagyşlanar. Emma Mukaddes Ruha garşy aýdylan söz bagyşlanmaz. Ol şu döwürde-de, geljekde-de bagyşlanmaz.


Tikenligiň arasyna düşen tohum bolsa sözi eşidýär, ýöne dünýäniň gaýgylary, baýamak höwesi ony bogýar we söz hasylsyz galýar.


Hemmeler ýatyrka, onuň duşmany gelip, bugdaýlaryň arasyna haşal ot ekip gidýär.


Hojaýyn: „Bu duşmanyň işidir“ diýip jogap berýär. Hyzmatkärleri: „Gidip, olary sogrup taşlamagymyzy isleýäňmi?“ diýip soraýarlar.


Şeýlelik bilen haşal otlar nähili ýyglyp, otda ýakylýan bolsa, dünýäniň ahyrynda hem şeýle bolar.


Dünýäniň ahyrynda hem şeýle bolar. Perişdeler gelip, erbetleri dogry adamlardan aýryp,


Soňrak Isa ýeke Özi Zeýtun dagynda otyrka, şägirtleri Onuň ýanyna gelip: «Bize aýtsana, bu zatlar haçan bolar? Seniň gelmegiňi we dünýäniň ahyryny görkezýän alamat nähili bolar?» diýip soradylar.


Ynsan Ogly Öz şan-şöhratyna beslenip, ähli perişdeleri bilen geler-de, şöhratly tagtynda oturar.


Size buýran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men hemişe, tä dünýäniň ahyryna çenli siziň bilen bolaryn» diýdi.


Bularyň bary başgalara sapak bolsun diýip, ata-babalarymyzyň başyndan indi. Bu zamanyň ahyrky günlerinde ýaşaýanlara, ýagny bize duýduryş hökmünde ýazyldy.


Ýöne ýylanyň How enäni kezzaplyk bilen aldaýşy ýaly, siziň-de aldanmagyňyzdan gorkýaryn. Men pikirleriňiziň bulaşdyrylyp, Mesihe bolan päk sadyklygyňyzdan aýrylarmykaňyz diýip gorkýaryn.


Biz gara nebislerine çapýan adamlar kimin Hudaýyň Hoş Habaryny ýoýmaýarys. Tersine, Hudaý tarapyndan iberilen we Mesihe hyzmat edýän kişiler ýaly Hudaýyň huzurynda päk ýürekden wagyz edýäris.


Edil dünýädäki beýleki adamlar ýaly siz-de günäli ýaşaýşa eýerip, Hudaýa tabyn bolmadyklara heniz-de täsirini ýetirýän gökdäki ruhy güýçleriň hökümdaryna gulluk edýärdiňiz.


Bu ahyrky günlerde bolsa Ol bize Öz Oglunyň üsti bilen gepledi. Ogly arkaly Hudaý älem-jahany ýaradyp, Ony ähli zadyň mirasçysy edip belledi.


Beýle bolsa, Mesih dünýä ýaradylaly bäri öwran-öwran ejir çekmeli bolardy. Muňa derek Ol adamlaryň günälerini ýuwmak üçin Özüni gurban etmek bilen ahyrky döwürde bir gezek geldi.


Hüşgär we oýa boluň. Duşmanyňyz iblis arlaýjy arslan ýaly aýlanyp, awuny agtaryp ýörendir.


Adam atadan soňra ýedinji nesil bolan Hanok hem bu adamlar hakda şeýle pygamberlik edipdir: «Ine, Reb san-sajaksyz, müňlerçe perişdeleri bilen gelýär.


Uly aždarha öz perişdeleri bilen ýere taşlandy. Hawa, bütin dünýäni azdyryp, iblis ýa-da şeýtan diýip atlandyrylýan bu gadymy ýylan ýere taşlandy.


Bu jandar birinji jandaryň adyndan alamatlar görkezip, ýer ýüzüniň ilatyny aldawa salýardy. Ol gylyç bilen ölüm howply ýara salnandygyna garamazdan, direlen jandaryň heýkelini ýasamagy ilata buýurdy.


Emma jandar we onuň bilen bile galp pygamber ýesir alyndy. Bu galp pygamber jandaryň adyndan alamatlar görkezerdi, jandaryň tagmasyny özüne basdyryp, onuň heýkeline sežde edenleri aldardy. Jandar-da, galp pygamber-de diriligine ýanyp duran kükürtli köle zyňyldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ