Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 13:35 - Mukaddes Kitap

35 Bu pygamber arkaly aýdylan şu sözüň berjaý bolmagy üçindi: «Men size tymsal aýdyp bereýin, dünýä ýaradylaly bäri gizlin galan syrlary beýan edeýin».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

35 Бу пыгамбер аркалы айдылан шу сөзүң берҗай болмагы үчинди: «Мен сизе тымсал айдып берейин, дүнйә ярадылалы бәри гизлин галан сырлары беян эдейин».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 13:35
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol halkyna kazylyk etmeklik üçin Ýeri, Gögi şaýatlyga çagyrýar:


Seniň bendeleriňiň jesetlerini berdiler gök guşlaryna, Seniň sadyklaryňyň etini – ýeriň wagşy haýwanlaryna.


Ine, öňki zatlar amala aşdy, Men täze zatlary yglan edýärin; ýüze çykmazdan öň olary size aýan edýärin».


Hakykatdan-da Hökmürowan Reb syryny gullary pygamberlere aýan etmezden hiç zat etmez.


Şeýdip, Işaýanyň pygamberlik bilen aýdan sözleri olarda berjaý bolýar: „Eşidip dursaňyz-da, hiç düşünmersiňiz, seredip dursaňyz-da, hiç aňlamarsyňyz.


Isa olara tymsallar arkaly köp zatlar öwretdi: «Bir daýhan ekin ekmäge çykýar.


Onsoň Patyşa sagyndakylara şeýle diýer: „Eý, Atamyň ýalkanlary! Geliň-de, dünýä ýaradylandan bäri siziň üçin taýýarlanan patyşalygy miras alyň.


Emma kyýamat güni siziň ýagdaýyňyz Sur bilen Sidonyň ýagdaýyndan has beter bolar!


Eý, Ata, Seniň Maňa beren ynsanlaryň-da Meniň bilen bir ýerde bolmaklaryny isleýärin. Şeýle hem, goý, olar Meniň şöhratymy we Seniň Maňa beren şöhratyňy görsünler. Çünki Sen Meni dünýä ýaradylmazdan öň söýýärdiň.


Biz Hudaýyň syrly, ýaşyryn saklanylan danalygyny sözleýäris. Hudaý bu danalygy biziň hem Onuň şöhratyna şärik bolmagymyz üçin, ony dünýä ýaradylmazdan öň niýetläpdi.


Hudaý bu syry öňki nesillere aýan etmän, eýsem häzir Mukaddes Ruh arkaly Öz mukaddes resullaryna, pygamberlerine äşgär etdi.


Ähli zady ýaradan Hudaý geçmişden bäri bu syry Öz huzurynda gizlin saklady, bu syryň manysynyň nämedigini indi her bir ynsana äşgär etmeklik maňa berildi.


Hudaý gadym döwürde ata-babalarymyza pygamberler arkaly köp gezek we dürli ýollar bilen gepledi.


Ýer ýüzünde ýaşaýan her bir ynsan bu jandara sežde eder. Bu jandara diňe dünýä ýaradylmazdan öň atlary Ýaşaýyş kitabyna ýazylan adamlar sežde etmez. Ýaşaýyş kitaby damagy çalnan Guzynyňkydyr.


Seniň gören jandaryň birwagtlar bardy, ýöne indi ýok. Emma soňra ol heläk bolmazyndan öň ölüler dünýäsinden çykar. Ýer ýüzüniň ilaty, ýagny dünýä ýaradylany bäri atlary ýaşaýyş kitabyna ýazylmadyklar bu jandary görenlerinde haýran galarlar, sebäbi ol birwagtlar bardy, indi ýok, ýöne ýene geler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ