Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 13:25 - Mukaddes Kitap

25 Hemmeler ýatyrka, onuň duşmany gelip, bugdaýlaryň arasyna haşal ot ekip gidýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

25 Хеммелер ятырка, онуң душманы гелип, бугдайларың арасына хашал от экип гидйәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 13:25
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol ýary gije turup, men uklap ýatyrkam, meniň gapdalymda ýatan oglumy alyp, öz gujagynda, öz ölen ogluny bolsa meniň gujagymda goýupdyr.


Isa olara başga bir tymsal hem gürrüň berdi: «Gögüň Şalygy öz atyzynda oňat tohum eken adama meňzeýär.


Ekin ösüp hasyla duranda, haşal ot hem peýda bolýar.


Ýer eýesiniň hyzmatkärleri onuň ýanyna gelip: „Hojaýyn, sen atyzyňa oňat tohum sepmänmidiň? Bu haşal otlar nireden peýda bolduka?“ diýip soraýarlar.


Emma hojaýyn: „Ýok, haşal oty sogurjak bolup,


bugdaýy hem köki bilen goparmagyňyz mümkin. Goý, oraga çenli olaryň ikisi-de bile ösübersin. Orak döwri men orakçylara ilki haşal oty ýygyň-da, ýakar ýaly edip desseläň. Bugdaýy bolsa meniň ammaryma üýşüriň diýerin“» diýip jogap berýär.


Haşal otlary eken duşman – şeýtandyr. Orak döwri – dünýäniň ahyrydyr, orakçylar bolsa perişdelerdir.


Giýew gijä galanda, hemmesini uky basmarlaýar we olar uklaýarlar.


Sünnetlenme meselesi käbir dogansumaklar zerarly ýüze çykypdy. Olar bizi gul etmek üçin, aramyza ogrynça sümlüp, Isa Mesih arkaly alan azatlygymyzy gizlinlikde aňtadylar.


Hüşgär boluň, hiç kim Hudaýyň merhemetinden mahrum bolmasyn. Bir ajy kök gögerip, size ezýet bermesin, köp adamlar munuň bilen zäherlenmesin.


Hüşgär we oýa boluň. Duşmanyňyz iblis arlaýjy arslan ýaly aýlanyp, awuny agtaryp ýörendir.


Öňler halk arasynda galp pygamberleriň bolşy ýaly, siziň araňyzda-da galp mugallymlar peýda bolar. Olar heläkleýji we ýalan taglymatlar getirmek bilen, özlerini ýesirlikden boşadan Rebbi-de inkär ederler. Şeýdip, öz başlaryndan duýdansyz bela-beter indererler.


Uly aždarha öz perişdeleri bilen ýere taşlandy. Hawa, bütin dünýäni azdyryp, iblis ýa-da şeýtan diýip atlandyrylýan bu gadymy ýylan ýere taşlandy.


Bu jandar birinji jandaryň adyndan alamatlar görkezip, ýer ýüzüniň ilatyny aldawa salýardy. Ol gylyç bilen ölüm howply ýara salnandygyna garamazdan, direlen jandaryň heýkelini ýasamagy ilata buýurdy.


Emma sende oňlamaýan bir zadym bar: sen özüni pygamber saýýan Izebel atly aýalyň edenlerine geçirimlilik edýärsiň. Ol Meniň bendelerimi öz taglymaty bilen azdyryp, olara zynahorlyk etdirjek bolýar, buta hödürlenen gurbanlyklardan iýdirjek bolýar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ