Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 13:22 - Mukaddes Kitap

22 Tikenligiň arasyna düşen tohum bolsa sözi eşidýär, ýöne dünýäniň gaýgylary, baýamak höwesi ony bogýar we söz hasylsyz galýar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Тикенлигиң арасына дүшен тохум болса сөзи эшидйәр, йөне дүнйәниң гайгылары, баямак хөвеси оны богяр ве сөз хасылсыз галяр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 13:22
42 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Wah, gelsedi Siondan Ysraýyl ýeňşi! Hudaý halka öňki abadançylygyny gaýtaryp berende, Ýakup begener, Ysraýyl hem şatlanar.


Janymyň kastyna çykanlar bolsa, ýeriň teýine inip giderler.


Baýlygyna baýrynýan ýykylar, dogrular bolsa täze baldak ýaly öser.


Seniň gözüň baýlyga kaklyşanda, şol baýlyk gidýändir, çünki ol birden ganat çykaryp, bürgüt ýaly asmana uçýandyr.


Ine, bir ýalňyz adam bardy; onuň ne ogly bardy, ne-de dogany. Çekýän zähmetiniň soňy ýokdy, ýöne şonda-da gözi baýlykdan doýmaýardy. Ol: «Men kim üçin zähmet çekýärin? Kim üçin özümi lezzet almakdan mahrum edýärin?» diýip sorady. Bu-da biderek, ýowuz ýumuş.


Şonuň üçin Reb ýahuda halkyna we Iýerusalim ilatyna şeýle diýýär: «Sürülmedik ýeriňizi sürüň, tikenleriň arasyna ekin ekmäň.


Kim Ynsan Ogluna garşy söz aýtsa, bagyşlanar. Emma Mukaddes Ruha garşy aýdylan söz bagyşlanmaz. Ol şu döwürde-de, geljekde-de bagyşlanmaz.


Haşal otlary eken duşman – şeýtandyr. Orak döwri – dünýäniň ahyrydyr, orakçylar bolsa perişdelerdir.


Şeýlelik bilen haşal otlar nähili ýyglyp, otda ýakylýan bolsa, dünýäniň ahyrynda hem şeýle bolar.


Birnäçe tohum tikenleriň arasyna düşýär. Tikenler ösüp, olary basýar.


Onsoň olara: «Ägä boluň! Özüňizi her hili betnebislikden goraň, sebäbi ynsanyň ýaşaýşy onuň mal-mülküniň bollugyna bagly däldir» diýdi.


Özi üçin hazyna toplaýan, emma Hudaýyň nazarynda baý bolmadyk her bir adamyň soňy şeýle bolar».


Ägä boluň! Aýşy-eşret, serhoşlyk, ýaşaýşyň gaýgylary ýüregiňize ornamasyn. Ýogsam, ol gün duzak kimin duýdansyz üstüňizden iner.


Tikenekligiň arasyna düşenler bolsa sözi eşidýänlerdir, emma durmuşyň aladalary, baýlyklary, keýpi-sapasy olary barha bogýar, olar hasyl bermeýärler.


Resullaryň elleriniň goýulmagy bilen Mukaddes Ruhuň berlenini gören Simun olara pul hödür edip:


Bu dünýäniň ýörelgelerine uýgunlaşjak bolmaň. Tersine, pikirleriňizi täzeläp, özgeriň. Şeýtseňiz, Hudaýyň islegine düşünmegi, ýagny Ony nämäniň hoşal edýändigini, nämäniň oňat we kämildigini bilmegi başararsyňyz.


Hany dana kişi? Töwrady öwredýän hany? Bu döwrüň alymy hany? Eýsem Hudaý dünýä danalygynyň akmaklykdygyny görkezmedimi?


Hawa, biz danalygy kämilleriň arasynda wagyz edýäris. Biziň wagyz edýän danalygymyz bu eýýamyň ýa-da dünýädäki wagtlaýyn, soňy puç bolýan ygtyýarlylaryň danalygy däldir.


Bu danalyga dünýä ygtyýarlylarynyň hiç biri düşünmedi. Çünki düşünen bolsadylar, şöhratly Rebbi haça çüýlemezdiler.


Goý, hiç kim öz-özüni aldamasyn. Eger kimdir biri özüni dünýä ölçegine laýyklykda dana saýýan bolsa, goý, «akmak» bolsun. Şonda ol dogrudan-da dana bolar.


Bu dünýäniň hökümdary şeýtan iman etmedikleriň aňyny baglady. Şonuň üçin-de olar Hudaýyň keşbi bolan Isa Mesihiň şöhratynyň Hoş Habarynyň nuruny görüp bilmeýärler.


Atamyz Hudaýyň yradasyna görä, Rebbimiz Isa bizi şu azgyn döwürden halas etmekçi bolup, günälerimiz üçin Özüni gurban etdi.


Edil dünýädäki beýleki adamlar ýaly siz-de günäli ýaşaýşa eýerip, Hudaýa tabyn bolmadyklara heniz-de täsirini ýetirýän gökdäki ruhy güýçleriň hökümdaryna gulluk edýärdiňiz.


Bu döwrüň baýlaryna tekepbir bolmazlygy tabşyr. Goý, olar ygtybarsyz, wagtlaýyn baýlyga däl-de, bagtyýar ýaşamagymyz üçin her zady bolelin ýetirýän Hudaýa bil baglasynlar.


sebäbi Dema bu dünýäni söýensoň, meni taşlap, Salonikä gitdi. Kriskis Galatýa, Titus hem Dalmatýa gitdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ