16 Emma siz nähili bagtly! Sebäbi gözleriňiz görýär, gulaklaryňyz eşidýär.
16 Эмма сиз нәхили багтлы! Себәби гөзлериңиз гөрйәр, гулакларыңыз эшидйәр.
Isa Oňa şeýle diýdi: «Eý, Ýunusyň ogly Simun, sen nähili bagtly! Bu syry saňa aýan eden ynsan däl-de, gökdäki Atamdyr.
Isa oňa: «Sen Meni göreniň üçin iman etdiň. Görmän iman edenler nähili bagtly!» diýdi.
Şonda olar tümlükden nura, şeýtanyň hökmürowanlygyndan Hudaýa tarap öwrülerler. Maňa iman etmek arkaly olaryň günäleri bagyşlanyp, olar Hudaýyň mukaddes halky bilen bile miras alarlar“ diýdi.
Çünki «Tümlükde nur parlasyn» diýen Hudaý biziň-de ýüreklerimizi ýagtylandyryp, Isa Mesihiň ýüzünde parlaýan Öz şöhratyny bize tanatdy.