Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 12:46 - Mukaddes Kitap

46 Isa halka gürrüň berip durka, ejesi bilen inileri geldi. Olar Isa bilen gepleşjek bolup, daşarda garaşyp durdular.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

46 Иса халка гүррүң берип дурка, эҗеси билен инилери гелди. Олар Иса билен геплешҗек болуп, дашарда гарашып дурдулар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 12:46
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Isa Mesihiň dogluşy şeýle boldy: Onuň ejesi Merýem bilen Ýusup adaglydy, emma olar entek ýassykdaş bolmankalar, Merýem özüniň Mukaddes Ruh arkaly göwreli bolandygyny bildi.


Kimdir biri Isa: «Ejeň bilen doganlaryň Seniň bilen gepleşmek üçin daşarda garaşyp durlar» diýdi.


Ol agaç ussanyň ogly dälmi? Ejesiniň ady hem Merýem dälmi näme? Ol Ýakup, Ýusup, Simun we Ýahuda dagyň dogany ahyryn!


Olar öýe girip, çaga bilen ejesi Merýemi gördüler. Şonda dyza çöküp, Oňa sežde etdiler-de, hazynalaryny açyp, altyn, hoşboý tütetgiler we mür sowgat berdiler.


«Tur, çaga bilen Onuň ejesini al-da, Ysraýyla dolan, sebäbi çaganyň janynyň kastyna çykanlar öldi» diýdi.


Hiç kim köne eşige täze matadan ýama salmaz, ýogsam salnan ýama köne eşikden gopup, ýyrtyk ýeri has beter bolar.


Ol Merýemiň neçjar ogly dälmi? Ýogsa-da Ol Ýakup, Ýose, Ýahuda we Simun dagyň dogany dälmi näme? Onuň uýalary-da biziň aramyzda ýaşaýarlar ahyry!» diýşip, Isanyň bolşundan nägile boldular.


Rebbimiň enesi meniň ýanyma geler ýaly, men nädip beýle ýalkandymkam?


Çaga barada aýdylýan sözlere onuň ene-atasy haýran galdy.


Şimgon olara ak pata berip, enesi Merýeme: «Bu çaga Hudaý tarapyndan berlen alamat bolup, ynsanlar oňa garşy çykarlar. Ol sebäpli Ysraýylda köp adamlar heläk bolar, köp adamlar bolsa ýalkanar.


Ene-atasy Ony görenlerinde geň galdylar. Ejesi Oňa: «Oglum! Näme üçin beýtdiň? Kakaň ikimiz gaty gaýgy edip, Seni gözledik» diýdi.


Onsoň Isa ene-atasy bilen Nasyra gaýtdy, olaryň sözüne gulak asdy. Emma Onuň ejesi bu gürrüňleriň ählisini ýüreginde saklaýardy.


Ol şeýle diýdi: «Hudaýyň Şalygynyň syrlaryna düşünme ukyby size berildi, emma başgalar seredip görmesinler, eşidip düşünmesinler diýip, olara tymsallar arkaly aýdylýar.


Isanyň haçynyň ýanynda Onuň ejesi, daýzasy, Klopasyň aýaly Merýem we magdalaly Merýem dagy durdy.


Şondan iki gün geçensoň, Jeliläniň Kana şäherinde toý boldy. Isanyň ejesi-de şol ýerdedi.


Bu wakadan soň Isa ejesi, inileri, şägirtleri bilen bile Kapernauma gidip, ol ýerde birnäçe gün galdy.


Ejesi hyzmatkärlere: «Ol size näme diýse, şony hem ediň» diýdi.


Emma inileri baýrama gidenlerinden soň, Isa-da gitdi, ýöne aç-açan däl-de, gizlin gitdi.


Şonuň üçin Isanyň inileri Oňa: «Bu ýerden çykyp, Ýahudyýa git, edýän işleriňi şägirtleriň görsün.


sebäbi Oňa hatda inileri-de ynanmaýardylar.


Olaryň hemmesi bir ýere üýşüp, yzyny üzmän doga-dileg edýärdiler. Olaryň arasynda Isanyň ejesi Merýem, şeýle-de käbir aýallar we Isanyň inileri hem bardy.


Imanly bolsa, aýalymyzy ýanymyz bilen äkitmäge hakymyz ýokmy? Petrus we beýleki resullar, Rebbimiz Isanyň inileri hem hut şeýle edýär ahyry.


Şonda men ol ýerde Rebbimiz Isanyň inisi Ýakupdan başga resullaryň hiç birini görmedim.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ